Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Ukraina bilen bagly maksatlaryna ýadro ýaraglaryny ulanmazdan ýetmek üçin ýeterlik serişdeleriniň bardygyny aýtdy, şol bir wagtyň özünde bolsa Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin Moskwa sapar guramagy meýilleşdirýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýekşenbe güni beren beýanatynda, Ukrainada ýadro ýaraglaryny ulanmak zerurlygynyň ýüze çykmandygyny we şeýle ýagdaýyň ýüze çykmazlygyny umyt edýändigini aýtdy.
Russiýanyň telewideniýe kanalynda görkeziljek reportažyň Telegram gollanmasynda paýlaşylan bölüminde, habarçynyň Ukrainanyň Russiýa garşy guraýan hüjümleri bilen bagly soragyna jogap beren Putin: “Bu ýadro ýaraglaryny ulanmak zerurlygy ýüze çykmady we şeýle ýagdaý ýüze çykmaz diýip umyt edýärin” diýip, Russiýanyň Ukraina urşuny “logiki netije” ýetirjek güýje we serişdä eýedigini belledi.
Putin 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýanyň on müňlerçe esgerini Ukraina ibermek barada buýruk beren Kreml goňşusyna garşy eden bu hereketini “ýörite harby operasiýa” diýip atlandyrýar.
Russiýanyň goşunlary Kiýewden yza serpikdirilen hem bolsa, Moskwanyň güýçleri häzirki wagtda Ukrainanyň takmynan 20 göterimini, şol sanda günorta we gündogar sebitleriniň köp bölegini gözegçilikde saklaýar.
Putin soňky hepdelerde parahatçylyk ylalaşygy boýunça gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa konflikti diplomatik ýollar bilen tamamlamak isleýändigini aýtdy.
Si Szinpin Moskwa sapar gurar
Kreml ýekşenbe güni beren beýanatydna, Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpiniň 7-10-njy maý aralygynda Russiýa sapar gurap, Wladimir Putin bilen faşistik Germaniýa garşy gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşjakdygyny habar berdi.
Russiýanyň hökümedi, Si Szinpin bilen Wladimir Putiniň "hyzmatdaşlygy we strategik gatnaşyklary ösdürmek" hem-de "halkara we sebit meseleleri" barada ikitaraplaýyn gepleşikler geçirjekdigini aýtdy.
Beýanatda: "Hökümetler we ministrlikler ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmegine garaşylýar" diýip aýan edildi.
Putin 9-njy maýda Russiýanyň Ikinji Jahan urşy mynasybetli geçiriljek dabaralar bilen bagly Ukrainadaky uruşda üç günlük ot açmazlyk ýaraşygyny yglan etdi. Emma Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ony teatr sahnasy hökmünde häsýetlendirdi.
Hytaý üç ýyllyk uruşda özüni bitarap tarap hökmünde görkezen hem bolsa, Günbatar hökümetleri Hytaýyň Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklarynyň Moskwa möhüm ykdysady we diplomatik goldaw berendigini aýdýarlar.