DÜNÝÄ
2 minut okamak
Pakistan ABŞ bilen söwda şertnamasyny baglaşar
Pakistanyň Daşary işler ministri, Waşingtonda Döwlet sekretary Marko Rubio bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda “Birnäçe aýyň ýada hepdäniň dowamynda däl, eýsem birnäçe günüň dowamynda şertnama baglaşarys” diýdi.
Pakistan ABŞ bilen söwda şertnamasyny baglaşar
Pakistan’s Deputy Prime Minister and Foreign Minister Ishaq Dar met with US Secretary of State Marco Rubio at the State Department on Friday. / AP
July 26, 2025

Pakistanly diplomat, ýurdunyň gysga wagtda ABŞ bilen söwda şertnamasyny baglaşjakdygyny we şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigini nygtady.

Pakistanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Ishak Dar anna güni Waşingtonda Atlantik geňeşinde eden çykyşynda “ABŞ bilen gysga wagtda şertnama baglaşjakdygymyza ynanýaryn” diýdi.

“Wekiliýetimiz Waşingtonda gepleşik geçirýär” diýen Dar, “Bu etap birnäçe aý ýada hepde däl, eýsem diňe birnäçe gün dowam eder” diýip belledi.

Pakistanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Ishak Daryň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Markoo Rubio bilen bolan duşuşygyndan birnäçe soň soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Dar bilen Rubio Döwlet sekretarlygynda bolan duşuşykda özara we sebitara meseleler bilen birlikde iki taraply söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, minerallar we magdançylyk pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

Dar, ABŞ-nyň Eksport-import banky bilen Bütindünýä banky ýaly guramalaryň amerikaly maýadarlara goldaw bermäge taýardygyna ünsi çekdi.

“Pakistan minerallar we magdançylyk pudagy taýdan uly mümkinçilige eýe” diýen Dar, Pakistanyn tebigi baýlyklarynyň 6-8 trilliona barabardygyny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, geçen aý Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy marşal Asym Muniri Ak Tamda kabul edipdi.

Prezident Tramp kabul edilşikde, üstümizdäki ýylyň maý aýynda ýadro ýaragyna eýe iki ýurt Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmeginde uly rol oýnan Pakistanyň Baş ştabynyň başlygy marşal Asym Munir hakynda öwgüli sözler aýdypdy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us