Moodýs Türkiýäniň kredit balyny B1-den Ba3 derejesine göterip, garaýşyny durnukly diýip üýtgetdi.
Halkara kredit derejelendiriş guramasy tarapyndan berlen beýannamada, “Bu karar, syýasy durnuklylygy, esasan Merkezi bankyň infilýasyýa basyşlaryny yzygiderli ýagdaýda ýeňilleşdirýän, ykdysady deňagramsyzlygy azaldýan we türk lirasyna bolan ynamy ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýän pul syýasatyna bolan ygrarlylygyny görkezýär” diýildi.
Gurama tarapyndan berlen beýannamada, “kredit balynyň ýokarlandyrylmagy alnyp barylýan pul syýasatynyň üýtgemek howpynyň azalandygyny görkezýär”diýildi.
Beýannamada, Türkiýäniň uzak möhletleýin çydamlylygyny güýçlendirip biljekdigi we eksportynyň ýokarlajakdygy nygtaldy.
Moodys, Türkiýäniň ýerli walýutada çägini Baa3 we daşary ýurt walýutasynda bolsa Ba2-ä çykardy. Bu hem alnyp barylýan pul syýasatyna bolan ynamy görkezýär.