Taýland bilen Kambojanyň arasynda azyndan alty tapawutly ýerde çaknyşyk boldy. Bu wakalardan soň Taýlandyň harby resmileri, ähli serhet gözegçilik nokatlaryny ýapdylar.
Taýlantda penşenbe güni irden, Kamboja tarapyndan atylan bir raketanyň Surin sebitindäki Kap Çoeng etrabynda ýerleşýän serhet galkynyş merkezini nyşana almagy netijesinde asuda ilatdan azyndan 4 adamyň ýogalandygy we 2 adamyň ýaralanandygy baradaky maglumatlar Taýlandyň döwlet ýaýlym organlary tarapyndan tassyklandy.
Si Sa Ket sebitiniň Kanthalak etrabyndaky ýangyç desgasyna gaçan bir ok partlama we ýangyna sebäp boldy, wakada asuda ilatdan 2 adam ýogaldy. Şol welaýatyň Kanthararak etrabyndaky Ban Phue etrabynda ýerleşýän supermarkete gaçan Kamboja degişli raketalar bolsa 2 adamyň ýogalmagyna we ençeme adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Şol maglumatlar sebitiň gubernatory Watthana Phutthiçat tarapyndan tassyklandy.
Taýlandyň goşuny Kambojany merkeze raketalar bilen hüjüm guramak bilen günäkärledi. Goşunyň resmileri, Kambojanyň harby güýçleri tarapyndan atylan 2 sany BM-21 raketasynyň irden sagat 09:40-da jemgyýetiň merkezine degendigini mälim etdi. Taýlandyň harby resmileri Kambojanyň harby birikmeleriniň agyr ýaraglar bilen ilki bilen ot açandygyny öňe sürdi, Kambojanyň Goranmak ministrligi esgerleriň hüjüme sezewar galmaklaryndan soň diňe özlerini gorandyklaryny beýan etdi.
Soňky çaknyşyklar Taýlandyň 1 esgeriniň minanyň partlamagy netijesinde aýagyndan mahrum galmagyndan bir gün soň başdan geçirildi. Taýland jedelli serhet boýunça ýerleşdirilmek maksady bilen taýýarlanylan 6 sany F-16 harby uçarynyň biriniň Kamboja ot açyp, bir harby nyşanany ýok edendigini habar berdi. Ýurtlaryň ikisem penşenbe güni irden çaknyşyklary başladan tarapyň garşy tarapdygyny öňe sürdüler.