Türkiýäniň günorta günbatarynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan gadymy Laodikiýa şäherinde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde, gadymy şäheriň dolanşyk we kazyýet merkezi bolandygy çaklanylýan 2000 ýyllyk mejlisiň binasy tapyldy.
2025-nji ýylda geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan bu eser, döwrümizde Denizli welaýatynyň serhetlerinde ýerleşýän b.e.ö 5500-y ýyla çenli uzap gidýän gadymy şäherdäki 22 ýyllyk arheologik we restowratsiýa işlerinde esasy öwrülşik nokatlaryndan biri boldy.
Gadymy şäherde ozal geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde dürli freskler bilen bezelen trawertin bloklar, beýikligi 3 metr bolan meşhur Rim imperatory Tražanyň heýleki, Traýan çeşmesi, ruhanynyň kellesiniň heýkeli bilen Gomeriň “Odessiýasyndan” Skillanyň heýkeli tapylypdy.
Arheologlar şu ýylky gazuw-agtaryş işlerini şäheriň syýasy merkezi hökmünde ulanylan gadymy mejlisiň binasyň ýerleşýän ýerinde geçirdi.
Gazuw-agtaryş işlerinde gadymy Anadolyda ozal deňi-taýy görülmedik bäşburç diwarlary we altyburç meýilnamasy bilen tapawutlanýan 2000 ýyllyk mejlisiň binasy tapyldy.
B.e.ö. birinji asyryň ahyrynda gurlandygy çaklanylýan bina 600-800 adam üçin niýetlenen we b.e. VII asyryna çenli ulanylypdyr. Binanyň kürsüleriniň ýüzüne mejlisdäki ýaşlaryň, ýaşulylaryň we raýatlaryň atlary ýazylypdyr.
Syýasy agora, arhiw zallary, uly hamamy we sebitiň iň uly stadiony bilen gurşalan Laodikiýanyň Rimde döwründe esasy dolanşyk we kazyýet merkezi hökmünde uly rol oýnandygyny tassyklaýar.