DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýemenli Husiler Ysraýyla garşy täze “deňiz gabawyny” başlatdy
Mesele hakynda berlen beýannamada, ähli firmalara Ysraýylyň portlary bilen edýän gatnaşyklaryny gyssagly bes etmekleri üçin çagyryş berildi.
Ýemenli Husiler Ysraýyla garşy täze “deňiz gabawyny” başlatdy
29 июля 2025 г.

Ýemenli Husiler tarapyndan ýekşenbe güni berlen beýannamada, Gazada dowam edýän genoside jogap hökmünde Ysraýyla garşy “deňiz gabawynyň dördünji tapgyrynyň başlandygy nygtaldy.

Toparyň ýaragly güýçleri tarapyndan berlen beýannamada, Husiler bu tapgyryň “Ysraýylyň portlary bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli firmalara degişli gämileriň haýsy ýurda degişlidigine garamazdan nyşana alynmagyny öz içine alýandygy” bellenildi.

Beýannamada gämileriň nireden gelýändigine we nirä barýandygyna garamazdan raketalar we dronlar tarapyndan nyşana alynyp bilinjekdigi dogrusynda duýduryş berildi.

Beýannamada, bu dartgynlykdan gaça durmak isleýän ähli ýurtlaryň duşmanyň hüjümleriniň we Gaza goýlan gabawyň bes edilmegi üçin tagalla etmelidigi ýatladyldy.

Husiler tarapyndan berlen beýannamada, “Bu dünýäde erkin ýagdaýda ýaşaýan adam Gazadaky genosidi kabul edip bilmez” diýildi.

Husiler, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň mart aýynda Gaza guraýan hüjümlerine gaýtadan başlamagyndan soň Ysraýyla garşy raketalar we dronlar bilen guraýan howa hüjümlerini artdyrdy.

Husiler 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Gazadaky palestinlilere goldaw bermek maksady bilen Gyzyl deňizdäki, Aden Aýlagyndaky we Arap deňizindäki söwda gämilerini hem nyşana alýar.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde häzire çenli 59 müň 800 adam ýogaldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us