DÜNÝÄ
1 minut okamak
Germaniýada bolan otly heläkçiliginde 3 adam ýogaldy
Adatdan daşary ýagdaý toparlarynyň işgärleriniň beren maglumatlaryna görä, hadysada takmynan 50 adam ýaralandy.
Germaniýada bolan otly heläkçiliginde 3 adam ýogaldy
28 Korrik 2025

Polisiýa gullugy Germaniýanyň günorta-günbatarynda tokaý zolagynda sebitleýin ýolagçy otlusynyň relsden çykmagy netijesinde 3 adamyň ýogalandygyny, birnäçe adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Waka Baden-Wýurtemberg welaýatynyň Ridlingen şäherçesiniň golaýynda, ýekşenbe güni sagat 18:10-da başdan geçirlen mahaly, otlynyň düzüminde takmynan 100 ýolagçy bardy.

Resmiler ýaralanan adamlaryň sany ýa-da olaryň ýagdaýy barada jikme-jik maglumat bermekden saklandylar, emma Bild gazetiniň habaryna görä, halas ediş işgärleri 50 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Germaniýanyň demir ýol operatory Deutsche Bahn birnäçe adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny tassyklady. Operator 2 wagon "heniz belli bolmadyk sebäplerden" relsden çykandygyny habar berdi.

Resmiler häzirki wagtda hadysanyň sebäplerini derňeýärler we ýoluň 40 kilometrlik böleginde otly hereketini togtatdylar.

Germaniýanyň metbugaty howa hyzmatlaryna salgylanyp, sebitde güýçli tupanlaryň bolandygyny we ýer süýgünleri hadysanyň sebäbi bolup biljekdigini beýan etdi.

Ýolagçy otlusy Germaniýanyň Sigmaringen şäherçesinden Ulm şäherine barýarka tokaýly ýerde relsden çykdy.

2022-nji ýylyň iýun aýynda Germaniýanyň günortasyndaky Bawariýa Alplary kurortynyň golaýynda otly relsden çykyp, dört adam ýogalypdy, onlarça adam ýaralanypdy.

Germaniýanyň iň pajygaly demir ýol hadysasy 1998-nji ýylda başdan geçirilipdi, şol wagt döwlet eýeçiligindäki Deutsche Bahn tarapyndan dolandyrylýan ýokary tizlikli otly Aşagy-Saksoniýa welaýatyndaky Eşede şäherinde relsden çykyp, 101 adamyň ýogalmagyna sebäp bolupdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us