Donald Tramp penşenbe güni irden Kanadany Palestin döwletini goldamak hakyndaky kararyny beýan etmeginden soň söwda gatnaşyklary boýunça şertnama baglaşmagyň “iňňän kyndygyny” duýdurdy.
ABŞ-nyň Prezideni Premýer-ministr Kerniniň sentýabr aýynda Palestin döwletini ykrar etjekdigini aýtmagyndan soň beýanat berdi.
Tramp “Trut Sosial” platformasyndan beren habarnamasynda “Eý ho! Kanada Palestiniň döwlet hökmünde ykrar edilmegini goldaýandygyny beýan etdi. Ol, biziň olar bilen Söwda şertnamasyny baglaşmagymyzy iňňän kynlaşdyrar. Wah Kanada!!!” diýip ýazdy.
Tramp bu beýanaty Kanadanyň Premýer-ministri Mark Kerniniň çarşenbe güni Gazadaky “çydalmasyz” gumanitar şertler sebäpli ýurdunyň sentýabr aýynda Palestini döwlet hökmünde ykrar etjekdigini beýan etmeginden berdi.
Kerni Ottawada Ministrler kabinetiniň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinden soň guran metbugat ýygnagynda “Kanada 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň 80-nji Sessiýasynda Palestin döwletini ykrar etmegi meýilleşdirýär” diýipdi.