SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Gazadaky açlyk krizisini “elhenç” diýip häsýetlendirdi
ABŞ-nyň Prezidenti Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada gumanitar şertleriň günsaýyn agyrlaşýandygyny kabul etdi.
Tramp Gazadaky açlyk krizisini “elhenç” diýip häsýetlendirdi
1. August 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Gazadaky palestinlileriň başdan geçirýän uly açlyk meselesini kabul edip, Ysraýylyň dowam edýän gabawy we ynsanperwer kömeklerine goýan çäklendirmeri sebäpli dowam edýän açlyk krizisini “elhenç” diýip häsýetlendirdi.

Penşenbe güni Ak Tamda beren beýanatynda; “Ol ýerde başdan geçirilýänler elhenç. Hawa, ol elhenç ýagdaý. Adamlar iňňän aç” diýen Tramp; “Bu hakykatdan hem elhenç ýagdaý” diýip, sözlerinin üstüni ýetirdi.

Emma Tramp ynsanperwer kömek paýlanýan ýerlerdäki nobatlarda müňden gowrak palestinliniň ölmegine sebäp bolan Ysraýyl hakynda dil ýarmady.

Trampyň bu beýanaty ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff bilen ABŞ-nyň Ysraýyldaky İlçisi Maýk Hakabiniň Ysraýyl tarapyndan dolandyrylýan Gaza Ynsanperwer Kömek Gaznasynyň dartgynlyklara sebäp bolan azyk paýlaýyş nokatlary bilen tanyş bolmak hem-de täze bir ynsanperwer kömek strategiýasyny utgaşdyrmak üçin Gaza sapara taýýarlanýan günlerinde berildi.

Ak Tamyň Metbugat sekretary Karlaýn Leawitt: “Resmiler bar bolan azyk paýlaýyş nokatlary bilen tanyş bolmak, berilýän azygyň artdyrylmagy üçin meýilnama düzmek we ýerlerdäki bu elhenç şertler bilen gönüden tanyş bolmak, ýerli gazalylar bilen duşuşmak üçin Gaza giderler” diýdi.

Leawit resmileriň haýsy “Ýerli gazaylar bilen” duşuşcakdygy hakynda maglumat bermedi.

Bu saparyň resmi Tel-Awiwde ýörite wekil Stiw Witkoffyň, ABŞ-nyň Ysraýyldaky İlçisi Maýk Hakabi we Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin NEtanýahunyň arasynda geçirilen “iňňän neticeli” duşuşykdan soň guralandygyny beýan eden Leawit, iki ilçiniň sapardan soň ABŞ-nyň Prezidenti brifing bercekdigini we kömekleriň ýetirilmegi hakyndaky meýilnamanyň hem şondan soň düzülcekdigini aýtdy.

Sapar Ysraýylyň 2-nci martdan bäri doly gabaw astynda bolan we BMG bilen ynsanperwer kömek guramalarynyň gyssagly çagyryşlaryna garamazdan ähli kömek ulaglarynyň geçmegini gadagan ýeri bolan Gazadaky açlyk krizisi boýunça halkara aladalaryň dowam edýän günlerinde guralýar.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us