TÜRKIÝE
2 minut okamak
ABŞ-nyň Türkiýedäki täze ilçisi “Tramp, ABŞ-Türkiýe hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär” diýdi
ABŞ-nyň Türkiýedäki täze ilçisi Tomas Barrak, Prezident Trampyň Türk-Amerikan hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Türkiýedäki täze ilçisi “Tramp, ABŞ-Türkiýe hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýär” diýdi
May 6, 2025

ABŞ-nyň Türkiýä bellän täze ilçisi, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, Türk-Amerikan hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Duşenbe güni Ankarada Esenboga howa menzilinde metbugata beýannama beren Barrak, ata-babalarynyň ýurduna gelmekden hoşaldygyny belledi.

Ilçi Tomas Barrak “Prezident Trampdan ýönekeý ýüzlenme getirdim. Bu ýüzlenme Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mynasyp derejesine götermek islegidir” diýdi.

Waşington bilen Ankaranyň hemişe ýakyndan gatnaşyk edendigini nygtan Barrak, şol gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmalydygyny belledi.

Barrak “Prezident Tramp beýik halklaryň güýçli liderleri bilen Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmagy maksat edinýär” diýdi.

Geçen hepde ABŞ-nyň Senadynda geçirlen sese goýulşykda Tomas Barragyň Türkiýä ilçi hökmünde bellenmegi baradaky karar 60 sese garşy 36 ses bilen kabul edilipdi.

Türkiýäniň Stategik ähmiýeti

Tanymal işewür adamy we uzak ýyllardan bäri Trampyň dosty bolan Barrak, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda oňyn özgerlişigiň başdan geçirilýän döwründe Anakradaky wezipesine girişer.

Barrak geçen aý Senadyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirlen oturluşykda Türkiýäniň ABŞ-nyň ýakyn strategik hyzmatdaşydygyny nygtapdy.

Günorta Kaliforniýada dolan Barrak, Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň San Diego hukuk fakultetinde ýokary bilim aldy.

Prezident Trampyň ýakyn dosty bolan Barrak, 2017-nji ýyldaky kasam ediş dabarasy komitetine ýolbaşçylyk edipdi. 78 ýaşyndaky Barrak 2022-2024-nji ýyllarda ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisi wezipesini ýerine ýetiren ilçi Jeff Fleýkiň ýerine bellendi.

Erdogan bilen Tramp netijeli söhbetdeşlik geçirdi

Duşenbe güni ir ertir Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Erdogan X sosial media platformasyndan beren habarnasynda “Şu gün ABŞ-nyň Prezidenti, eziz dostum jenap Donald Tramp bilen içgin we netijeli telefon söhbetdeşligini geçirdim” diýdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, Gaza söweşi, sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

“Dostum Tramp bilen gysga wagtda duşuşmagy umyd edýärin” diýen Erdogan, duşuşygyň “ýurtlarymyz üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýip belledi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us