SYÝASAT
2 minut okamak
Türk Daşary işler ministri: Soňky Russiýa-Ukraina gepleşikleri parahatçylyga tarap ädilen ädim
Türkiýäniň ýeňilleşdiriji pozisiýasyna ünsleri çeken Hakan Fidan: “Gepleşikleriň oňyn we netijä gönügen ähende barýandygyna şaýatlyk etdik” diýdi.
Türk Daşary işler ministri: Soňky Russiýa-Ukraina gepleşikleri parahatçylyga tarap ädilen ädim
Hakan Fidan / AA
July 24, 2025

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan çarşenbe güni beren beýýannamasynda Stambulda Russiýa bilen Ukrainanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen soňky gepleşikleriň urşy bes etmek ugrunda edilen başlangyçdygyny nygtap; “Her bir täze üstünlik taraplary parahatçylyga bir ädim ýakynlandyrýar” diýdi.

Türkiýäniň guramagynda geçirilen üçünji gönüden gepleşiklkerden soň beýanat beren Fidan, iki tarapdan azyndan 1.200 uruş ýesiriniň çalşylmagy boýunça ylalaşyk gazanylanaydygyny we çagalar bilen bilelikde asuda ilatyň ýurtlaryna dolanmagy üçin goşmaça başlangyçlaryň edilendigini aýtdy.

“Gepleşikleriň oňyn we netijä gönügen ähende barýandygyna şaýatlyk etdik” diýen Fidan, atyşygyň bes edilmegi boýunça tehniki gepleşikleriň depginini güýçlendirmek we pozisiýalaryny ýakynlaştyrmak üçin edilmeli başlangyçlaryn seljerilendigini hem-de syýasy, gumanitar we harby meselelerde işjeň toparlaryň döredilmegi bilen bagly teklibiň üstünde işlemek hakynda karar kabul edilendigini aýtdy.

Taraplaryň çözgüt ugrundaky ygtyýaryna ýene-de bir goşant goşuldy” diýen Fidan, “Gepleşikler sabyrlylyk bilen dowam etdirilmeli. Her bir täze netije taraplary parahatçylyga bir ädim ýakynlaşdyrýar” diýdi.

Ukrainanyň wekiliýetiniň başlygy Rustem Umerow resmi Kiýewiň awgust aýynyň ahyryna çenli prezidentler derejesinde gepleşik geçirmegi teklip edendigini we Türkiýä ýeňilleşdiriji pozisiýasy üçin sagbolsun aýdýandygyny beýan etdi.

Ukraina şeýle hem atyşygyň şertsiz bes edilmegine taýýardygyny mälim etdi.

Rus tarapyndan gepleşikleri alyp baryjy Wladimir Medinski ýesir çalşygynyň ediljekdigini nygtap, ýaralylaryň ewakuasiýasy bilen esgerleriň jesetleriniň yzyna berilmegi üçin atyşygyň gysga möhletli bes edilmegini teklip etdi.

Medinski resmi Moskwanyň ukrain çagalarynyň yzyna berilmegi üçin berilen sanawy seljerýändigini we dördünji tapgyr gepleşiklere açykdygyny beýan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us