ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp paýtagt Waşingtonda adam öldürmekde günäli tapylanlara ölüm jezasynyň berilmegini talap etjekdigini aýtdy.
Bu beýanat sişenbe güni Trampyň Waşingtonda "jenaýat ýagdaýynyň adatdan daşary ýagdaýyny" yglan etmeginden soň berildi. Tramp şäheriň polisiýa güýçlerini öz gözegçiligine aldy we federal agentleri hem-de goşunlary köçelere ýerleşdirdi.
Ak Tamda geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinde beýanat beren Tramp: "Eger biri paýtagt Waşingtonda birini öldürse, biz ölüm jezasyny talap ederis" diýip belledi.
Tramp: "Bu gaty güýçli eýmendirme we muny eşidenleriň hemmesi razy. Bu ýurduň oňa taýýar bolup-bolmandygyny bilemok, ýöne biziň elimizde bu bar" diýdi.
Waşingtonda Ýokary kazyýetiň 1972-nji ýylda güýçsiz diýip yglan etmeginden bäri, şäherde ölüm jezasy ýerine ýetirilmeýär. Ölüm jezasy maglumatlar merkeziniň habar bermegine görä, 1992-nji ýylda Kongres tarapyndan geçirilen referenduma gatnaşan adamlaryň 2/3 bölegi ölüm jezasynyň ýaňadandan durmuşa geçirilmäge başlanmagyna garşy boldy.
Bu refendum Waşingtonyň ýurduň iň ýokary jenaýat görkezijilerine eýe bolan we jenaýat görkezijileriniň tiz depginler bilen artan wagtynda geçirilipdi.