SYÝASAT
1 minut okamak
Gazada açlyk sebäpli ýene-de 3 palestinli ýogaldy
Gazaly ýolbaşçylar 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri açlyk we azyk ýetmezçiligi sebäpli 92-i çaga 162 palestinliniň aradan çykandygyny mälim etdi.
Gazada açlyk sebäpli ýene-de 3 palestinli ýogaldy
2 августа 2025 г.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada soňky 24 sagatda açlyk sebäpli ýene-de 3 palestinliniň aradan çykandygyny mälim etdi.

Ministrlik tarapyndan anna güni berlen beýannamada, “Açlyk we iýmit ýetmezçiligi sebäpli Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 3 palestinli aradan çykdy” diýildi.

2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri açlyk we azyk ýetmezçiligi sebäpli 92-i çaga 162 palestinli aradan çykdy.

Geçen hepde BMG-nyn Azyk maksatnamasy Ysraýylyň gabawy sebäpli Gazada ilatyň üçden bir böleginiň birnäçe günden bäri günde bir gezek hem nahar iýmeýändigi barasynda duýduryş beripdi.

Gazada şertleriň gün saýyn agyrlaşýandygy sebäpli 100 müň zenan bilen çaga azyk ýetmezçiligi sebepli ejir çekýär.

18 ýyldan bäri Gazany gabaw astynda tutýan Ysraýyl 2-nji martda hem ähli geçelgeleri ýapypdy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdäpdi.

Palestinli ýolbaşçylar sebitdäki 2,4 millionlyk ilatyň azyk ýetmezçiliginiň kanagatlandyrylmagy üçin sebite günde azyndan 600 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berilmelidigini nygtaýar.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 60 müň 300 palestinli ýogaldy.

Bombaly hüjümler sebäpli Gaza ýer bilen ýegsan edildi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us