August 27, 2025
Katar, Gazada atyşygyň bes edilmegi üçin berlen soňky teklibe Ysraýylyň heniz hiç hili jogap bermändigini mälim etdi.
Kataryň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Majid Al Ansari, sişenbe güni Al Jezire teleýaýlymyna beren habarnamasynda, teklibiň Hamas tarapyndan kabul edilendigini aýtdy.
Majid Al Ansari “Ysraýyl resmi taýdan heniz hiç hili jogap bermedi. Teklibi kabul edýändigi, garşydygy ýada başga alternatiw hödürleýändigi hakynda hiç hili habar ýok” diýdi.
Maslahat berilýär
Gazada atyşygyň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Ansari, “Ysraýylyň teklibe jogap bermegine garaşýarys” diýip belledi.
ÇEŞME:TRT Global