DÜNÝÄ
1 minut okamak
Palestinli ýetginjek Gazada açlyk sebäpli aradan çykdy
2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada açlyk sebäpli ýogalanlaryň 93-i çaga 163 adama ýetdi.
Palestinli ýetginjek Gazada açlyk sebäpli aradan çykdy
August 2, 2025

Palestinli ýetginjek Gazada Ysraýylyň gabawy we ynsanperwer kömegini çäklendirmegi sebäpli aradan çykdy.

“Anadoly habarlar” gullugynyň berýän habaryna görä, 17 ýaşyndaky Atef Abu Khater açlyk we iýmit ýetmezçiligi sebäpli aradan çykdy.

Şeýlelikde 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada açlyk sebäpli ýogalanlaryň 93-i çaga 163 adama ýetdi.

18 ýyldan bäri Gazany gabaw astynda tutýan Ysraýyl 2-nji martda hem ähli geçelgeleri ýapypdy we halka ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdäpdi.

Palestinli ýolbaşçylar sebitdäki 2,4 millionlyk ilatyň azyk ýetmezçiliginiň kanagatlandyrylmagy üçin sebite günde azyndan 600 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berilmelidigini nygtaýar.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 60 müň 300 palestinli ýogaldy.

Bombaly hüjümler sebäpli Gaza ýer bilen ýegsan edildi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us