DÜNÝÄ
1 minut okamak
Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda Parižde geçirlen gepleşikde ylalaşyk gazanyldy
ABŞ-nyň ýörite wekili Tom Barrak, taraplaryň Siriýanyň günortasynda dartgynlygyň artmagyndan soň gepleşikleriň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi.
Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda Parižde geçirlen gepleşikde ylalaşyk gazanyldy
25. Juli 2025

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili we Ankaradaky ilçisi Tom Barrak, siriýaly we ysraýylly ýolbaşçylaryň Parižde geçiren gepleşiklerinde, Siriýanyň günortasyndaky dartgynlygyň gowşamagy boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.

Barrak X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Şu gün agşam siriýaly we ysraýylly ýolbaşçylar bilen Parižde duşuşdyk. Gepleşikleriň dowam etdirilmegi we dartgynlygyň gowşamagy maksady bilen geçirlen duşuşyk netijeli geçdi. Taraplar bu meseleler boýunça ylalaşyk gazandy” diýdi.

Siriýa we Ysraýyl tarapyndan heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi

Suwaýdada başdan geçirlen soňky wakalar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Tommy Pigott, Parižde geçirlen gepleşikleriň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Barrak bilen Döwlet sekretary Marko Rubionyň taraplar bilen birnäçe günden bäri ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.

Pigott “Siriýada möhüm öwülşik nokadynda şuňa meňzeş başlangyçlara Siriýanyň hökümetiniň ýolbaşçylyk etmegine garaşýarys” diýdi.

Siriýa bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlyk 13-nji iýulda Siriýanyň günortasynda ýerleşýän Suwaýda welaýatynda Bedewi arap taýpalary bilen Druz toparlaryň arasynda çaknyşyklaryň başlamagy bilen möwjäpdi.

Ysraýyl Damask bilen birlikde Siriýadaky harby merkezlere howa hüjümlerini gurady.

Ysraýyl, druzlary goramak maksady bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Siriýadaky druzlaryň liderleri bolsa daşary ýurtlaryň meselä goşulmagyny kabul etmedi.

Taraplaryň arasynda şenbe güni ylalaşyk gazanyldy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us