Dünýäniň iň uly goranyş sergilerinden biri bolan Halkara goranyş senagaty sergisi indiki hepde Stambulda geçirler.
22-nji iýulda başlajak sergi 6 gün dowam eder.
Halkara goranyş senagaty sergisi Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň howandarlygynda, Milli Goranmak minisrligi, Goranyş senagaty edarasy we Türk ýaragly güýçlerini güýçlendiriş gaznasy tarapyndan geçirler.
Sergi Stambul sergi merkezinde, Atatürk howa menzilinde, Wow myhmanhanasynda we Ataköý gämi gurluşyk werfinde geçirler.
Sergide sowutly harby ulaglar, taktiki sowutly ulaglar, uçarmansyz gury ýer, howa we deňiz ulaglary, ýarag ulgamlary, raketalar we raketa ulgamlary bilen birlikde partlaýjy maddalaryny ýok ediş enjamlary sergilener.
Serginiň çäginde özara duşuşyklaryň geçirilmegine we möhüm şertnamalaryň baglaşylmagyna garaşylýar.
Halkara goranyş senagaty sergisi soňky gezek 2023-nji ýylyň iýul aýynda geçirlipdi.