DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tailand Kambojany ylalaşykdan birnäçe sagat soň ony bozmakda günäkärledi
Jedelleşikli serhet galasynda ýerleşýän ybadathanalar sebäpli başlan çakynyşyklaryň bes edilmegi üçin Malaýziýanyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga garamazdan çaknyşyklar düýn gije gaýtadan başlady.
Tailand Kambojany ylalaşykdan birnäçe sagat soň ony bozmakda günäkärledi
July 29, 2025

Tailandyň harby goşuny, Kambojany gazanylan ylalaşygy bozmakda günäkerledi. Jedeleşikli sebitdäki çaknyşyklar, taraplaryň arasynda atyşygyň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň güýje girmeginden diňe birnäçe sagat soň gaýtadan başlady.

Malaýziýada duşenbe güni geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde Tailandyň we Kambojanyň  ýolbaşçylary 800 kilometrlik serhediň dowamynda jedelleşikli sebitlerde  ýerleşýän birnäçe gadymy buthana sebäpli başlan çaknyşyklaryň bes edilmegi maksady bilen  ýary gije atyşygyň şertsiz bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Tailandyň harby goşunynyň metbugat sekretary Wintai Suwaree “Ylalaşygyň güýje giren sagatlarynda Kambojanyň  ýaragly güýçleriniň Tailanda  ýaragly hüjüm gurandygy anyklandy” diýdi.

Suwaree beýannamasynda “Bu ylalaşygy bilkastlaýyn bozýan we birek-birege bolan ynama zeper  ýetirýän başlangyçdyr. Tailand hak-hukuklaryndan peýdalanar we degişli gaýtawuly görkezer” diýdi.

Kambojanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Maly Sojheata bolsa öňe sürült ýän garaýyşlary ret etdi we “Taraplaryň arasynda haýsydyr bir sebitde çaknyşyk bolmady” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us