Tebigy apatlara garşy göreş gullugy, Pakistanda dowam edýän muson ýagyşlary sebäpli azyndan 140-y çaga 299 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Tebigy apatlara garşy göreş gullugyna görä, 26-njy iýunda başlan ýagyşlar siliň gelmegine we ýeriň süýşmegine sebäp boldy.
Muson ýagyşlary sebäpli häzire çenli 700-den gowrak adam hem ýaralandy.
Muson ýagyşlary esasan ýurduň gündogarynda ýerleşýän Penjap we demirgazyk günbatynda ýerleşýän Haýber Pahtunhwa sebitlerine uly zeper ýetirdi.
Aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 239-y çaga, 204-i zenan we 272-si erkek bolmak bilen jemi 715 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Duşenbe gününden başlap Penjap, Haýber Pahtunhwa we Kaşmir sebitlerinde mosun ýagyşlarynyň güýçlenmek bilen dowam etjekdigi mälim edildi.
Waka sebäpli degişli guramalara, gözleg we halas ediş toparlaryna duýduryş berildi.
Soňky ýyllarda howa çalşygy Pakistanyň başda durmagynda Günorta Aziýa ýurtlarynda muson ýagyşlarynyň ýaramaz täsiriniň artmagyna sebäp bolýar.