BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Sudanyň Darfur sebitinde 30-njy iýuldan bäri holera epidemiýasy sebäpli azyndan 80 adamyň ýogalandygyny, 2100-den gowrak adamyň hem hasaba alynandygyny mälim etdi.
Mesele hakynda berlen beýannamada, Demirgazyk Darfur sebitiniň Tawila sebitinde 21-nji iýundan bäri 20 adamyň holera sebäpli ýogalandygy, 1180 adamyň hem hasaba alynandygy nygtaldy.
Beýannamada “Bäş Darfur sebitinde 30-njy iýula çenli 2140 adam hasaba alyndy, 80 adam hem holera sebäpli ýogaldy” diýildi.
BMG-nyň Ynsanperwer kömek düzümi, Sudanyň Demirgazyk Darfur sebitinde 640 müňden gowrak çaganyň azyk ýetmezçiligine we holera howpuna sezewardygy barada duýdyryş berdi.
UNICEF-iň Sudandaky wekili Sheldon Ýett “Degişli çäreleriň görlendigine garamazdan Tawila we Darfuryň beýleki sebitlerinde esasan çagalara uly howp abanýar” diýdi.
Ýett, keseliň çalt depginde ýaýraýandygyna ünsi çekdi.
BMG-nyň görkezijilerine görä, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Sudanyň 18 welaýatyň 17-de 94 müň 170 adam holera sebäpli hasaba alyndy. Ady agzalýan döwürde 2370 adam hem kesel sebäpli ýogaldy.
Sudanda 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri harby goşun bilen RSF güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär.
BMG-na we ýerli ýolbaşçylara görä, çaknyşyklar sebäpli 20 müňden gowrak adam ýogaldy, 14 million adam öýüni terk etdi.
ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynyň alymlary çaknyşyklarda 130 müň adamyň ýogalandygyny öňe sürdi.