Nigeriýanyň demirgazyk günbatarynda hepdäniň başynda metjide guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 13-den 30-a ýetdi.
Ýerli halkyň arasynda “garakçylar” hökmünde bilinýän jenaýatçylykly toparyň agzalary, sişenbe güni Katsina sebitiniň Unguwar Mantau etrapçasynda metjide hüjüm gurady. Hüjümde ilki 13 adamyň ýogalandygy habar berlipdi.
Ýerli ýaşaýjy Nura Musa, “9 adam wakanyň bolan ýerinde ýogaldy. Günüň dowamynda ýene-de birnäçe adam ýogaldy. Hüjümde ýogalanlaryň sany 32 adama ýetdi” diýdi.
Katsinanyň mejlisinde çykyş eden ýerli syýasatçy Aminu Ibrahim bolsa sişenbe güni 30 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Unguwar Mantaunyň halkynyň iki gün öň guralan hüjümde degişli gaýtawuly görkezendigi, halkyň terrorçylara duzak gurandygy we birnäçe terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi nygtaldy.
Hökümet, sebite howpsuzlyk güýçleriniň ugradylandygyny we gündelik durmuşyň kadalaşýandygyny mälim etdi.
Nigeriýanyň demirgazyk günbatarynda we merkezi sebitlerinde garakçylyk esasy howplardan biri bolmaga dowam edýär.
Garakçylar obalara hüjüm edip halkdan paç alýar we obalary talaýar.
Nigeriýanyň Prezidenti Bola Tinubu, garakçylara we terrorçylara garşy egilşiksiz tutumyň dowam etjekdigini aýtdy.