Türkiýe Respublikasynyň Energetika ministri Alparslan Baýraktar, Türkiýäniň hepdäniň ahyryndan başlap Azerbaýjanyň tebigy gazyny Siriýa akdyrmaga başlajakdygyny mälim etdi.
Ministr Baýraktar bu başlangyjyň çäginde 2011-nji ýylda Siriýada başlan içerki uruşdan soň ilkinji gezek Siriýa tebigy gazyň akdyryljakdygyny aýtdy.
Ministr Baýraktar çarşenbe güni beren beýannamasynda “Azerbaýjandan geljek tebigy gaz Kilisiň üsti bilen Halaba eksport ediler” diýdi.
Türkiýeli we Siriýaly ýolbaşçylaryň arasynda maý aýynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Azerbaýjanyň tebigy gazynyň Siriýa akdyryljakdygy nygtaldy.
Siriýanyň Energetika ministi Muhammed Al Beşir, Damask bilen Ankaranyň Siriýanyň energiýa bolan zerurlygynyň kanagatlandyrylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.
Siriýanyň energiýa geçirijilerine we infrastrukturasyna 14 ýyla golaý dowam eden çaknyşyklar sebäpli uly zeper ýetirlipdi.
Uly şäherleriň başda durmagynda birnäçe sebitde günde azyndan 20 sagat elektrik togy kesilýär.
Başar Asadyň dekabr aýynda wezipesinden çetleşdirilmeginden we Siriýanyň täze hökümetiniň gözegçiligi ele geçirmeginden birnäçe aý soň tebigy gaz şertnamasy baglaşyldy.
Baý tebigy gaz çeşmelerine eýe bolan Azerbaýjan, Türkiýäniň uzak ýyllardan bäri ýakyn hyzmatdaşy. Türkiýe şol bir wagtda Siriýanyň täze hökümeti bilen hem ýakyndan gatnaşyk edýär.
Üstümizdäki aýyň başynda Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şaranyň Bakuwa guran resmi saparynyň çäginde Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki nebit firmasy SOKAR bilen resmi Damaskyň arasynda ylalaşyk teswirnamasy baglaşylypdy.