Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli beýannama berdi. Hakan Fidan beýannamasynda: “Daşary ýurt aňtaw gulluklarynyň gün tertibine gözegçilik edip, Türkiyäni dyza çökdürmegi arzuw eden dönük torlaryň hasaba alyp bilmedik zady, milletimiziň erkinligine we adalata bolan wepalylygy we döwletimiziň güýjüdir. Hormatly Prezidentimiziň duýgurlygy we eziz milletimiziň ygtyýary, 15-nji iýul gije FETÖ ýol bermedi. Milletimiz egsilmez ygtyýar bilen islendik howpa boýun egmejekdigini ýene-de bir gezek görkezdi. FETÖ-niň hyýanatçylykly gün tertibini ýüze çykaran döwletimiz, bu terror guramasyny sygynan her bir ýerinde yzarlaýar, jogapkärleriň adalatyň öňüne çykarylmagy üçin her dürli ädimi dünýäniň dört künjeginde tutanýerlilik bilen edýär. FETÖ garşy göreş babatynda hiç wagt ikirjiňlenmedik gahrymanlara, 15-nji iýul güni we ondan ozal bu ugurda janyny beren şehitlerimize Alladan rehnet dileýärin we şikes ýeten pidakär raýatlarymyza minnetdarlyk bildirýärin. Şol mynasybetli ýaňadandan gaýtalap geçmek isleýärin: Türkiyä zyýan bermek üçin edilen islendik synanyşyk, geçmişde bolşy ýaly geljekde-de şowsuzlyga duçar bolar. 15-nji ýul Demokratiýa we Milli jebislik güni gutly bolsun!” diýdi.
TÜRKIÝE
1 minut okamak
Ministr Fidan: Türkiyä zyýan bermek üçin edilen islendik synanyşyk şowsuz bolar
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli beýannama berdi. Hakan Fidan: "Türkiyä zyýan bermek üçin edilen islendik synanyşyk, geçmişde bolşy ýaly geljekde-de şowsuzlyga duçar bolar" diýdi.

6 hours ago
Öwren