DÜNÝÄ
1 minut okamak
Bangladeşde bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi
Ýurduň soňky ýyllarda başdan geçiren iň uly uçar heläkçiliginde 170-den gowrak adam hem ýaralandy.
Bangladeşde bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 27 adama ýetdi
20 hours ago

Bangladeşiň paýtagty Dakkada harby uçaryň mekdebe kakmagy sebäpli esasy bölegi çagalardan ybarat azyndan 27 adam ýogaldy.

Ýolbaşçylar ozal uçar heläkçiliginde 20 adamyň ýogalandygyny mälim edipdi.

Hytaýda öndürlen F-7BŽI kysymly harby uçar duşenbe güni Milestone mekdebine kakdy.

Saglygy goraýyş ministriniň kömekçisi Saýedur Rahman sişenbe güni beren beýannamasynda “Häzire çenli 27 adam ýogaldy. Ýogalanlaryň 25-i çaga, biri uçarman, 78 adam hem hassahanada bejergi alýar” diýdi.

Bangladeşiň harby goşuny, duşenbe güni beren beýannamasynda, “Uçarman Towkir Yslam adaty tälim uçuşyny amala aşyrýarka tenhiki näsazlyk sebäpli uçar heläkçilige uçrady” diýildi.

Beýannamada, heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin işiň gozgalandygy, uçarmanyň uçary adamlaryň köp bolan ýerinden daşlaşdyrmaga çalşandygy emma uçaryň iki gatly mekdebe kakandygy nygtaldy.

Muhammed Ýunysyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümet sişenbe günini uçar heläkçiligi sebäpli milli ýas güni hökmünde yglan etdi.

Muhammed Ýunus X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, waka çuňňur gynanç bildirýändigini mälim etdi.

Ýunus “Howa güýçlerimize, Milestone mekdebiniň okuwçylaryna, mugallymlaryna, ene-atalaryna duýgudaşlyk bildirýärin. Bu halkymyz üçin gynandyryjy waka” diýip belledi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us