DÜNÝÄ
2 minut okamak
Germaniýa tankytlara garamazdan Ysraýyla ýarag eksport etmäge dowam edýär
Germaniýa günäkärlemelere we edilýän tankytlara garamazdan Ysraýyla ýarag we harby enjam eksport etmäge dowam edýär.
Germaniýa tankytlara garamazdan Ysraýyla ýarag eksport etmäge dowam edýär
12 hours ago

Germaniýanyň hökümeti 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 2025-nji ýylyň 26-njy iýuny aralygynda Ysraýyla 294 million dollarlyk harby enjam we ýarag eksport edendigini tassyklady.

Resmi görkezijilere görä, Germaniýa Ysraýyla 2024-nji ýylda 189 million dollarlyk, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa 33 million dollarlyk harby enjam we ýarag eksport etdi.

Germaniýada oppozisiadaky Çepçi partiýa Parlamentden Ysraýyla ýaragyň eksport edilmeginiň gyssagly bes edilmegini talap edipdi.

Uzak wagtdan bäri Germaniýanyň Ysraýyla güýçli goldaw berýändigi bilinýär.

Syýasy liderler bu goldawy ýygy-ýygydan Germaniýanyň faşist geçmişine we Holokosta esaslanýan taryhy jogapkärçiligine esaslandyrýar.

Nikaragua geçen ýyl Germaniýanyň Gazadaky genoside goldaw berýändigi sebäpli Halkara adalat diwanynda iş gozgapdy.

Halkara Adalat diwanynda Germaniýa hakynda gozgalan işden soň Berlin Ysraýyla ýarag eksportyny gysga wagtlygyna hem bolsa saklapdy.

Emma Germaniýaly ýolbaşçylar, Ysraýylyň halkara hukugyna laýyklykda hereket etjekdigi barasynda beren ýazmaça kepilnamasyndan soň ýarag eksportuna täzeden başlady.

Eýran tarapyndan abanýan howplar hem ýarag eksportuna bahana hökmünde görkezildi.

Ysraýylyň 2023-nji ýyldan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 58 müňden gowrak palestinli öldürildi, 100 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

Ysraýyl hakynda Gazada dowam etdirýän genosidi sebäpli Halkara Adalat diwanynda iş gozgalypdy.

Gazada 1,9 milliona golaý palestinli hüjümler sebäpli öýüni terk etdi.

Halk azyk we lukmançylyk enjamlaryna elýeterlilik taýdan uly kynçylygy başdan geçirýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us