TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe “Eurofighter” bilen şertnama baglaşdy
Ankara ilkinji gezek 2023-nji ýylda 40 sany “Eurofighter Typoon” uçaryny satyn almak isleýändigini mälim edipdi.
Türkiýe “Eurofighter” bilen şertnama baglaşdy
July 23, 2025

Türkiýe döwrebap “Eurofighter Typoon” harby uçarynyň satyn alynmagy üçin Britaniýa bilen şertnama baglaşdy.

Türkiýe bilen Britaniýa çarşenbe güni Stambulda geçirilýän Halkara goranyş senagaty sergisiniň çäginde bu mesele boýunça ylalaşyk teswirnamasyny baglaşdy.

Ylalaşyk teswirnamasyna Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen Britaniýanyň Goranmak ministri Jon Hili gol goýdy.

Ylalaşyk teswirnamasy goranyş senagaty boýunça giň gerimli hyzmatdaşlyk edilmegi taýdan diýseň möhüm.

Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannamada, ylalaşygyň Türkiýäniň “Eurofighter” bilen utgaşyklygy meselesinde Britaniýa bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk edilmegi taýdan möhümdigi nygtaldy.

Prezident R. T. Erdoganyň Britaniýanyň Premýer-ministri Keýr Starmer bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden bir gün soň ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.

Türkiýe, Germaniýa, Italiýa, Britaniýa we Ispaniýa tarapyndan birlikde öndürilýän 40 sany “Eurofighter Typoon” uçaryny satyn almak üçin gepleşik geçirýär.

Ankara ilkinji gezek 2023-nji ýylyň mart aýynda “Eurofighter Typoon” uçarynyň satyn alynmagy üçin talap bildiripdi.

Britaniýa tarapyndan Germaniýada öndüriljek “Eurofighter Typoon” uçary dünýäniň döwrebap 4,5 nesill köp ugurly harby uçary hökmünde kabul edilýär.

Türkiýe bu ylalaşyk bilen howa güýçleriniň mümkinçiliklerini artdyrmagy maksat edinýär, şol bir wagtda hem NATO-daky esasy ýaranlary bilen goranyş senagaty boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär.

Ýewropaly liderler, NATO-nyň ikinji uly goşunyna eýe bolan Türkiýäniň goranyş senagaty boýunça gazanan üstünliklerine ünsi çekýär.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us