SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada çagalar bilen birlikde 35 palestinlini saklady
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, Günbatar Şeriada çagalar we ozalky tussaglylar bilen birlikde birnäçe adamy saklady.
Ysraýyl basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada çagalar bilen birlikde 35 palestinlini saklady
/ AA
13 hours ago

Adam hukuklaryny goraýan guramalara görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada düýn gije geçiren reýdinde çagar we ozalky tussaglylar bilen birlikde azyndan 35 palestinlini saklady.

Palestinli tussaglylar jemgyýeti bilen Palestinli ýesirler komissiýasynyň sişenbe güni beren bilelikdäki beýannamasyna görä, Nablus, Salfit, Kalkilýa, Jenin, Tulkerem, Al Halil we Beýtullahim şäherinde birnäçe adam saklandy.

Palestinli çeşmelere görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 18 müňden gowrak adamy saklady. Şol sana ady agzalýan döwürde Gazada tussag edilen müňlerçe adam hem degişli edildi.

Adam hukuklaryny goraýan guramalara görä, Ysraýylyň tussaghanalarynda häzirki wagtda 10 müň 800-e golaý palestinli tussagly bar. Şolaryň 50-si zenan, 450-i çaga.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň sişenbe güni Al Halil şäheriniň Al-Fags senagat zolagyndaky önümçilik desgasynda geçiren reýdinde 12 palestinaly ýaralandy, 2 adam saklandy.

Şaýatlar, ysraýylly esgerleriň işçilere hüjüm edendigini we birnäçe adamy alyp gidenden soň sebitden çekilendigini mälim etdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligine görä, Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada azyndan 998 palestinlini öldürdi, 7 müňden gowrak adamy ýaralady.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us