Stambulda geçirilen Halkara Goranmak Senagaty sergisi IDEF 2025-iň çäginde Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi bilen Wýetnamyň Sosialistik Respublikasynyň Goranmak ministrliginiň arasynda goranmak hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekildi.
Sişenbe güni geçirlen gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Milli Goranmak ministriniň orunbasary Musa Heýbet: "Wýetnamyň Goranmak ministrligi bilen Milli Goranmak ministrligimiziň arasyndaky bu goranyş we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy, geljegi uly taslamalary we beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk boljakdygyna ynanýaryn" diýdi.
Musa Heýbet, Türkiyäniň goranyş senagaty kärhanalarynyň we Milli Goranmak ministrliginiň Wýetnamyň howa, gury ýer we deňiz platformalaryna doly goldaw berjekdigini aýtdy.
Wýetnamyň Milli Goranmak ministriniň orunbasary, general-leýtenant Hoang Sýuan Çien munuň Wýetnam bilen Türkiyäniň arasyndaky taryhy pursatdygyny aýtdy.
Hoang Sýuan Çien: "Häzirki wagtda Wýetnam bilen Türkiyäniň arasynda taryhy pursaty başdan geçirýäris. Goranmak hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdik. Mundan beýläk hyzmatdaşlygyň taryhyna we beýleki köp ugurda täze bir bölüme şaýat bolarys.sergiňiziň üstünlikli ýagdaýda dowam etmegini arzuw edýäris. Türkiye bilen ýaran bolmak üçin elimizden gelenini etmäge taýýardyrys” diýdi.
Sişenbe güni başlanan we alty gün dowam etjek goranyş sergisi şol bir wagtyň özünde Stambul sergi merkezinde (IFM), Atatürk howa menzilinde, Wow myhmanhanasynda we Ataköý Marinada geçirilýär.