DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýada ýer titredi
Russiýanyň Uzak Gündogarynda 7,4 bal ululygynda ýer tiremesi boldy. Ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berildi.
Russiýada ýer titredi
vor 20 Stunden

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag merkezi Russiýanyň Uzak Gündogarynda 7,4 bal ululygynda ýet tiremesiniň bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag merkezi, Russiýanyň Petropawlowsk-Kamçata şäheriniň 111 kilometr gündogarynda, ýeriň 39,5 kilometr aşagynda ýer titremesiniň bolandygyny mälim etdi.

Ýuwaş-umman Sunami duýdyryş merkezi, ýer titremesiniň bolan ýeriniň 300 kilometr golaýynda Russiýanyň kenarynda “howply” tolkunlaryň bolup biljekdigi barasynda duýdyryş berdi.

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy barlag merkezi ýer titremesiniň ululygyny ilki 7,5 bal hökmünde beýan etdi. Soň bolsa ýer titremesiniň ululygynyň 7,4 baldygyna ünsi çekdi.

Iýul aýynda hem Kamçatka Ýarymadasynda iň güýçli ýer titremelerinden biri bolupdy.

Ýuwaş-umman sebitinde 4 metre çenli sunami tolkunlary bolupdy.

8,8 bal ululygyndaky şol ýer titremesi 2011-nji ýylda Ýaponiýada bolan we 15 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan 9,1 bal ululygyndaky ýer titremesinden soňky iň uly ýer titremesi hökmünde bellige alnypdy.

Iýul aýynda bolan 8,8 bal ululygynda ýer titremesi Ýaponiýada ýolbşaçylaryň 2 milliona golaý adamyň has belent ýerlerine göçürmegine sebäp bolupdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Georgian
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us