SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ Ýaponiýa bilen möhüm söwda şertnamasyny baglaşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ýaponiýanyň ABŞ-na 550 milliard dollarlyk maýa goýjakdygyny mälim etdi.
ABŞ Ýaponiýa bilen möhüm söwda şertnamasyny baglaşdy
July 23, 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ýaponiýa bilen möhüm söwda şertnamasyny baglaşandyklaryny mälim etdi.

 Söwda şertnamasyny “diýseň möhüm” hökmünde häsiýetlendiren Tramp, milliardlarça dollarlyk söwda şertnamasynyň amerikanyň senagatyny has-da güýçlendirjekdigini öňe sürdi.

Tramp, Truth Sosial platformasyndan beren habarnamasynda “Häzire çenli baglaşylan iň uly şertnamalardan birini Ýaponiýa bilen baglaşdyk” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp “Ýaponiýa, tabşyrygym boýunça ABŞ-na 550 milliard dollarlyk maýa goýar we girdejiniň 90 göterimini alarys” diýdi.

Emma bu garaýyşlaryny tassyklaýan resminama hakynda hiç hili maglumat bermedi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Işiba Şigeru, söwda şertnamasynyň üstünde işleýändigini mälim etdi, emma giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.

Işiba, Trampyň Waşingtonda beren beýannamasyndan soň Tokioda beren beýannamasynda “Gepleşikleriň netijesi hakynda garaýyş beýan etmek üçin ilki şertnamasynyň tesksti giňişleýin seljerilmeli” diýdi.

Ýaponiýanyň awtomobil, ýük ulagy we tüwi ýaly ekerançylyk önümlerine maýa goýjakdygyny aýdan Tramp, ABŞ-na 15 göterimlik gümrük salgydyny tölejekdigini aýtdy.

Trampyň Waşington bilen Tokionyň arasynda gümrük salgytlary boýunça birnäçe aý dowam eden dartgynly gepleşiklerden soň beren beýannamasy ünsleri özüne çekdi.

Tramp ozal Ýaponiýadan import edilýän awtomobillerden 25, polat we alýumin üçin 50 göterimlik salgyt aljakdygyny mälim edipdi.

Trampyň soňky gezek beýan eden 15 göterimlik salgydy ozalky hemlelerine görä pes bolsa-da, öňki söwda şertnamalaryndaky salgytlardan has ýokary.

Ak Tam mesele baradaky soraglara jogap bermedi. Ýaponiýanyň resmileri hem heniz hiç hili beýannama bermedi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us