Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri dowam edýän gabawy sebäpli Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň bökdelendigini we açlyk sebäpli 76-sy çaga azyndan 86 palestinliniň ýogalandygyny mälim etdi.
Saglygy goraýyş ministrliginden ýekşenbe güni berlen ýazmaça beýannamada, “Gazada açlyk we iýmit ýetmezçiligi sebäpli 76-sy çaga 86 adam ýogaldy” diýildi.
Beýannamada, gabaw astyndaky sebitde başdan geçirilýän gumanitar krizis “asuda gyrgynçylyk” hökmünde häsiýetlendirildi we gumanitar şertleriň agyrlaşmagyndan Ysraýyl bilen halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärdigi bellenildi.
Ministrlik, soňky 24 sagatda Gazada azyndan 18 adamyň açlyk sebäpli ýogalandygyny mälim etdi we azyk we derman kömeginiň sebite girmegine rugsat berilmegi üçin gümrük geçelgeleriniň gyssagly açylmagy barada çagyryş berdi.
Ysraýyl 2-nji martda Gazanyň ähli gümrük geçelgelerini ýapypdy.
Ysraýylyň Gazadaky genosidi
Ysraýyl gabaw astyndaky Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 59 müň palestinlini öldürdi.
Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugyna görä, ýykylan öýleriň harabalygynyň aşagynda 11 müň palestinliniň galandygy çaklanylýar.
Hünärmenler Gazada ýogalanlaryň sanynyň 200 müňe golaýlandygyny öňe sürýär.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara jenaýat kazyýetinde Gazada adamzada garşy eden harby jenaýatlary sebäpli Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen döwrüň Goranmak ministri Gallandyň tussag edilmegi boýunça karar kabuş dilipdi.
Gaza guraýan hüjümleri sebäpli Ysraýyl hakynda Halkara Adalat diwanynda genosid işi gozgaldy.