Palestine goldaw berýän on müňlerçe adam şenbe güni agşamara Stambul şäherinde bir ýere jemlenişdi.
Beýazit meýdanynda Ysraýylyň Gazadaky genosidine we halky aç goýmak syýasatyna garşylyk görkezmek üçin bir ýere jemlenşen stambullylar, taryhy Aýasofýa metjidine tarap ýöredi.
Jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen birlikde uly halk köpçüligi Gazadaky gumanitar krizise ünsi çekmek we Gazanyň halkyna goldaw bermek maksady bilen bir ýere jemlenişdi.
Prostestçylar Gazadaky genosidiň gyssagly bes edilmegi üçin halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyn oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 61 müňden gowrak adam ýogaldy.
Harby hüjümler Gazanyň harabalyga öwrülmegine we uly açlyga sebäp boldy.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara Jenaýat kazyýety Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazadaky harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.
Ysraýyl hakynda Gazadaky söweşi sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem genosid işi gozgalypdy.