TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan Gazadaky genoside synçy bolup galýanlaryň ählisiniň Ysraýylyň jenaýatyna şärikdigini aýtdy
Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Stambulda geçirilen Halkara Goranyş senagaty (IDEF) sergisinin açylyş dabarasyn gatnaşdy.
Erdogan Gazadaky genoside synçy bolup galýanlaryň ählisiniň Ysraýylyň jenaýatyna şärikdigini aýtdy
IDEF 2025 / AA
14 часов назад

“Biziň maksadymyz atyşygyň dessine bes edilmegi. Gaza ynsanperwer kömekleriniň geçirilmegine rugsat berilmegi esasy tutýan esasy ugrumyz” diýen Erdogan; “Gazada ynsanperwer kömekleriniň geçirilmegine rugsat berilmandigi üçin açlykdan ejir çekýän çagalaryň derdi, biziň derdimizdir” diýip sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Her gün onlarça bigünä adamyň bir döwüm çörek, bir owurt suw tapmandygy üçin jan berýan rehimsizligini azajyk hem bolsa adamzat buýsanjy bolan adam kabul etmez. Açlykdan köpçülikleýin adam pidalarynyň başlan günlerinde halkara jemgyýetçiligini ynsanperwerlik frontunda birleşmäge çagyrýaryn.

Türkiýäniň goranyş senagatynda ösüşi hakynda-da durup geçen Erdogan, ýurduň embargolardan, iki standartlylyklardan we diplomatik gysyşlardan üstün çykyp, global güýje öwrülendigini we şu günki günde goranyş senagatynda öz enjamlary bilen dünýä bazarlarynda güýçli pozisiýa eýeländigini beýan etdi.

Erdogan; “Goranyş senagatymyzyň ýerlilik derejesi 80 göterimden geçdi” diýdi.

Sişenbe güni başlan we 6 gün dowam etjek çare Prezidentiň hemaýat bermeginde, Milli goranmak ministrliginiň, Goranyş senagaty edarasynyň we Türk ýaragly güýçlerini kuwwatlandyryş gaznasynyň utgaşdyrmagynda geçirilýär.

Şu ýyl 17-njisi guralan sergi Stambul Sergi Merkezinde, Atatürk Howa menzilinde, Wow myhmanhanasynda we Ataköý ýagta portunda şol birwagtda geçirilýär.

Sergide sowutly söweşjeň ulaglar, taktiki sowutly ulaglar, uçarmansyz howa enjamlary, sürüjisiz guryýer, howa we deňiz ulaglary, ýarag ulgamlary, raketalar, uzak menzilli artilleriýa raketa ulgamlary, pyýada goşun üçin tüpeňler, harby simulýatorlar, elektroniki söweş çözgütleri we partlşaýyjy maddalary hatardan çykaryjy enjamlar sergilenýär.

Üns çekiji köplügi özünde jemlejek sergiden ozal köp sanly gol çekişik darabasy hem guralar.

Mundan ozalky sergi 2023-nji ýylyň iýul aýynda Stambulda geçirilipdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us