DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl ABŞ-nyň beren 500 million dollary bilen awiatanker satyn alar
Resmi Waşington ýarany Ysraýyla her ýyl Amerikan ýaraglaryny we harby enjamlaryny satyn almagy üçin milliardlarça dollar berýär.
Ysraýyl ABŞ-nyň beren 500 million dollary bilen awiatanker satyn alar
/ Public domain
13 hours ago

Ysraýylyň Goranmak ministrligi, ABŞ tarapyndan beriljek 500 million dollarlyk şertnamanyň çäginde Boeing tarapyndan öndürlen iki sany KJ-46 kysymly awiatanker satyn almagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden çarşenbe güni berlen beýannamada, kararyň Ysraýylyň goranyş komiteti tarapyndan tassyklanmagyndan soň Amerikan hökümeti bilen şertnama baglaşyljakdygy nygtaldy.

Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ysraýylyň harby goşuny häzirki wagtda Boeing tarapyndan öndürlen KJ-46 kysymly 4 sany awiatanker ulanýar.

Ministrligiň Baş müdüri Amir Baram, beren beýannamasynda, bu uçarlaryň harby goşunyň uzak aralykly strategik ukybyny güýçlendirjekdigini, has alysdaky sebitlerde giň gerimli operasiýa geçirmek üçin amatly şert döretjekdigini mälim etdi.

Ysraýyl, iýun aýynda Eýrana garşy guran we 12 gün dowam eden howa hüjümlerinde awiatanker ulanypdy.

Resmi Waşington ýarany Ysraýyla her ýyl Amerikan ýaraglaryny we harby enjamlaryny satyn almagy üçin milliardlarça dollar berýär.

Emma soňky döwürde Amerikaly käbir demokratlar we jemhuriýetçiler Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän genosidine alada bildirýär we hökümetiň Ysraýyla harby taýdan kömek bermegine garşy durýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us