Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Türkiýäniň Ysraýylyň Siriýanyň günortasyna guran soňky harby hüjümlerini ýazgarýandygy we hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş berendigi nygtaldy.
Daşary işler ministrliginden sişenbe güni berlen beýannamada “Ysraýylyň Siriýanyň günortasynda başdan geçirlen soňky wakalarda harby güýç ulanmagyny ýazgarys we hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini nygtaýarys” diýildi.
Beýannamada, Siriýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň ilkinji nobatda siriýanyň halky we goňşy ýurtlar taýdan möhümdigi nygtaldy.
Siriýanyň hökümetiniň ýurtda howpsuzlygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berilmelidigi bellenildi.
Ysraýyl, Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň Süweýda welaýatynda howpsuzlygyň ýola goýulmagy maksady bilen sebite girmeginden soň ýurduň territorial bitewiligini basgylady we Siriýanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady.
Siriýanyň Goranmak ministriniň sişenbe güni ýerli toparlaryň liderleri bilen geçiren gepleşiklerden soň Süweýda weýalatynda hüjümleriň bes edilendigi nygtaldy.