ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Koka-kolanyň ABŞ-da öndürilýän içgilerinde ýokary fruktozaly mekgejöwen siropynyň ýerine şeker çiňrigini ulanjakdygyny habar berdi.
Donald Tramp Truth Social platformasynda: “Koka-kola bilen ABŞ-daky Koka-kola önümçiliginde hakyky şeker çiňrigini ulanmak meselesini gürleşdim we ony şolar ýaly etjekdiklerini aýtdylar. Bu çürt-kesik has gowy” diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp oňa nämäniň sebäp bolandygy barada bolsa maglumat bermedi. Emma bu ädim esasy içgileriň biri bolan Diet Koka täsir ýetirmez. Wezipä täze girişeninden soň, Trampyň şekersiz içgini getirmek üçin ulanan Owal ofisdäki düwmäni ýaňadandan ýerleşdirendigi aýdylýar.
Koka-Kola düzümdäki üýtgeşmeler baradaky habarlary tassyklamady, emma beren beýanatlarynyň birinde: “Prezident Trampyň Koka-kola bolan gyzyklanmasyny takdyr edýäris. Koka-kola önümlerindäki täzelikler bilen bagly jikme-jiklikleri ýakyn wagtda paýlaşarys” diýip belledi.
Trampyň halaýan içgileriniň biri bolan Diet Kokanyň düzüminde ýakyn wagtda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň rak ylmy-derňew bölümi tarapyndan “rak ähtimallygy” hökmünde häsýetlendirilen aspartam atly madda bar.