DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa şu hepde Ukraina bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamagy umyd edýär
Stambul, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda diplomatiýanyň ýola goýulmagy maksady bilen häzire çenli 16-njy maýda we 2-nji iýunda iki gezek gepleşiklere ýer eýeçiligini etdi.
Russiýa şu hepde Ukraina bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamagy umyd edýär
23 июл 2025

Russiýa şu hepde Russiýa-Ukraina parahatçylyk gepleşikleriniň gaýtadan başlamagyny umyd edýär.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow, sişenbe güni Moskwada metbugata beren beýannamasynda, “Gepleşikleriň şu hepde başlamagyny umyd edýäris. Degişli taýarlyklarymyzy tamamlandan soň mesele hakynda maglumat bereris” diýdi.

Moskwanyň gepleşiklere gatnaşmaga taýardygyny nygtan Peskow, “gepleşiklerde uly öňe gidişlige garaşylmaly däl” diýip duýduryş berdi.

Dowam edýän çaknyşygy we diplomatik tagallalary “diýseň çylşyrymly” hökmünde häsiýetlendiren Peskow, ýesir çalşygy boýunça gazanylan ylalaşygyň hem öňe gidişlik hökmünde kabul edilmelidigini belledi.

İki ýurduň arasynda ozal geçirlen gepleşiklere ünsi çeken Peskow, geçen aý gazanylan ylalaşygyň çäginde ýaş we agyr ýaralanan ýesirler bilen birlikde iki tarapdan 6 müň esgeriň jesediniň yzyna berlendigini ýatlatdy.

Zelenskiý gepleşikleriň Türkiýede geçiriljekdigini aýtdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, duşenbe güni beren beýannamasynda, parahatçylyk gepleşikleriniň çarşenbe güni Türkiýede geçiriljekdigini aýtdy.

Stambul şäheri ilkinjisi 16-njy maýda, ikinjisi 2-nji iýunda bolmak bilen iki gezek Moskwa bilen Kiýewiň arasynda parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etdi.

Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çykgynsyzlykdan soň diplomatiýany dikeltmegi maksat edinýär.

Gumanitar meselelerde öňe gidişlik edilendigine garamazdan Peskow, Kiýewiň 2022-nji ýylda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen göniden gepleşik geçirilmegini gadagan edýän kararynyň diplomatik tagallalary bökdemäge dowam edýändigini aýtdy.

Kreml gepleşiklere goldaw berýär, emma çaknyşyklary doly syýasy tadýan çözmekden entek uzak görünýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us