Amerikaly ýokary derejeli ýolbaşçynyň atyşygyň bes edilmegi we ynsanperwer kömek geçelgeleri meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropa gurajak saparynyň öňüsyrasynda, 100-den gowrak jemgyýetçilik guramasy Ysraýylyň gabawy sebäpli Gazada “köpçülikleýin açlygyň” ýaýbaňlanýandygy dogrusynda duýdyryş berdi.
Çarşenbe güni Serhetsiz lukmanlar MFS, Oxfam we Çagalary halas ediň atly guramalar bilen birlikde 111 jemgyýetçilik guramasy tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada “Kärdeşlerimiz we hyzmat edýän adamlarymyz azçykdan ejir çekýär” diýildi.
Jemgyýetçilik guramalary atyşygyň bes edilmegi, ähli geçelgeleriň açylmagy we ynsanperwer kömekleriniň BMG-nyň öňbaşçylygynda halka ýetirilmegi üçin çagyryş berdi.
Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, ammarlaryň doludygy emma bökdençilikler sebäpli Gaza serhediniň golaýynda garaşýandygy nygtaldy.
Beýannamada “Palestinliler kömek we atyşygyň bes edilmegi umydy bilen garaşýar. Emma her gün has-da agyrlaşýan şertlerde oýanýar” diýildi.
100-den gowrak jemgyýetçilik guramasy tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada, “Bu diňe fiziki däl eýsem psihiki taýdan hem uly ejir. Diri galmak üçin göreşýärler”diýildi.
Açlyk we genosid
Palestiniň Saglygy goraýyş ministrlşgi, sişenbe güni beren beýannamasynda, soňky 24 sagat Gazada 4-i çaga 15 adamyň açlyk sebäpli ýogalandygyny mälim etdi.
Şeýlelikde 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri açlyk ýetmezçiligi sebäpli ýogalanlaryň sany 80-i çaga 101 adama ýetdi.
Ysraýyl gabaw astyndaky sebite guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 59 müňden gowrak palestinlini öldürdi.
Palestiniň resmi WAFA habarlar gullugyna görä, 11 müň palestinli ýykylan öýleriň harabalygynyň aşagynda galdy.
Emma hünärmenler Gazada ýogalanlaryň sanynyň 200 müňe ýetendigini öňe sürýär.