ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa-Ukraina söweşinde ýaraşyk kararynyň dolulygyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine baglydygyny aýtdy.
Tramp penşenbe güni Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, kararyň Putiniň ygtyýaryndadygyny we onuň “garaşylýan tamany ödemändigini”aýtdy.
Tramp, Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň, özüniň hem rus lideri bilen duşuşmagynyň gerek bolup bolmandygy hakyndaky soraga “ýok” diýip jogap berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, “Olar meniň bilen duşuşmak isleýär we men adam pidasynyň çekilmezligi üçin elimden geleni ederin” diýdi.
Şol gün Putin, Tramp bilen duşuşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerini “amatly ýer” hökmünde häsiýetlendiripdi.
Putin hem Moskwanyň hem-de Waşingtonyň duşuşyk isleýändigine ünsi çekdi.
Putin Kremlde beren beýannamasynda “Şuňa meňzeş duşuşyklara goldaw bermäge taýar birnäçe dostumyz bar. Şol dostlarymyzdan biri hem Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy” diýdi.
Zelenskiýniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirlip geçirilmejekdigi barada hem durup geçen Putin “Umuman alnanda biz garşy däl, emma şeýle duşuşyk üçin ilki amatly şert döredilmeli” diýip belledi.
Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuri Uşakow, Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň Moskwada geçiren duşuşyklarynyň çäginde üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi meselesini gün tertibine getirendigini aýtdy.
Ýakyn gatnaşyklar döwri
Trampyň prezidentliginiň birinji döwründe Tramp bilen Putin azyndan 5 gezek duşuşdy we 9 gezek hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Iki lider birnäçe gezek hem hat alyşdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň kömekçilerine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmek üçin degişli taýarlyklaryň görülmegi boýunça görkezme berdi.
Şol telefon söhbetdeşligi, Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi taýdan diýseň möhüm.