Günorta Koreýanyň Prezidenti Li birnäçe günden bäri ýagýan ýagyşlaryň ýurtda uly ýykylşyga sebäp bolmagyndan soň 6 etraby “betbagtçylyk zolagy” hökmünde yglan etdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri düýn käbir sebitlerde aş köp ýagýan ýagyşlaryň dowam edýändigini habar berdi.
Günorta Koreýanyň Içeri işler we howpsuzlyk ministrligine görä, aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli 19 adam ýogaldy, 9 adam dereksiz ýitdi. 2549 adam hem ewakuasiýa edildi.
Ministrlik ýagyşlaryň ýaşaýyş jaýlary, dükanlar we fabrikler bilen birlikde jemi 3777 desga zeper ýetirendigini mälim etdi.
Prezident Li, paýtagt Seulyň çetki etrapçalary bilen birlikde betbagtçylyk zolaklaryna gyssagly maliýe kömeginiň berilmegi üçin görkezme berdi.
Ylmy barlag guramasy Realmeter tarapyndan geçen hepde geçirlen sowalnama görä, ýagyşlar sebäpli prezidente berilýän goldaw 64,6 göterimden 62,2 göterime çenli aşaklady.