Prezident R. T. Erdogan, ŞHG-nyň 25-nji liderler sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin şu gün Hytaýyň Týanžin şäherine bardy.
Prezident Erdogan Pekiniň halkara howa menzilinde Hytaýyň Döwlet ministri Leý Haýjao we Türkiýäniň Hytaýdaky ilçisi Selçuk Ünal bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar tarapyndan garşylandy.
Erdogan ŞHG-nyň 25-nji liderler sammitiniň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysynyň liderleriň hormatyna berjek agşam naharyna gatnaşar.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duranyň beren beýannamasyna görä, şu gün sammitde çykyş etjek Prezident Erdogan awgust aýynyň 31-i bilen sentýabr aýynyň 1-i aralygynda Hytaýda saparda bolar.
5 ýyl soň guralýan sapar Ankara bilen Pekiniň arasynda strategik gatnaşyklaryň güýçlenýän döwrüne gabat geldi.
Prezident Erdoganyň sammitiň çäginde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Sizinpin bilen birlikde beýleki liderler bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.
Prezident Erdogana Hytaýa guraýan saparynda aýaly Emine Erdogan, Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek bilen Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler ýoldaşlyk edýar.
Türk resmi wekiliýetinde şeýle hem Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, Söwda ministri Ömer Bolat, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Halit Ýerebakan, MHP-niň Başlygynyň orunbasary Ismail Faruk Aksu, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edrasynyň başlygy Burhaneddin Duran bilen Prezidentiň kömekçisi Hasan Dogan ýer alýar.
ŞHG we Türkiýe
2001-nji ýylda Hytaý, Russiýa we Orta Aziýa ýurtlary tarapyndan gurlan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, sebitara howpsuzlygy, ykdysady hyzmatdaşlygy we terrora garşy göreşi maksat edinýär.
Guramanyň agzalarynyň hatarynda Russiýa, Belarus, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Pakistan, Tajigistan we Özbegistan ýer alýar.
Hindistan bilen Pakistan 2017-nji ýylda, Eýran 2023-nji ýylda, Belarus bolsa 2024-nji ýylda gurama agzalyga kabul edildi.
Türkiýä 2012-nji ýylda ŞHG-nyň dialog hyzmatdaşy statusy berilýär. Bu statusy alan ilkinji we ýeke-täk NATO agza ýurt bolan Türkiýäniň bu göçümi, Ankaranyň Günbatarly ýurtlar bilen birlikde şol bir wagtda Ýewraziýa ýurtlary bilen hem ýakyndan gatnaşyk etmek isleýändigini görkezýär.
Türkiýe Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylda ŞHG-nyň Energetika toparyna ýolbaşçyk etdi we Hytaý we Russiýa ýaly agza ýurtlar bilen edýän söwda gatnaşyklaryny ösdürip, gurama bilen edýän gatnaşyklaryny hem güýçlendirdi.
Duşenbe gününe çenli port şäheri Týanžinde öz işini dowam etdirjek ŞHG-nyň sammiti, II jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasibetli paýtagt Pekinde geçiriljek harby çäreden birnäçe gün öň geçirilýär.