Press TW-niň berýän habaryna görä, Eýran bilen Fransiýadan, Germaniýadan we Britaniýadan ybarat E3 ýurtlary ýadro gepleşikleriniň anna güni Stambulda gaýtadan başlamagy boýunça ylalaşyk gazandy.
Mesele boýunça ýekşenbe güni berlen beýannamada, “Eýran bilen Fransiýadan, Germaniýadan we Britaniýadan ybarat Ýewropa üçlügü, anna güni Stambulda ýadro gepleşiklerine başlar” diýildi.
Ýekşenbe güni berlen başga bir beýannamada bolsa, taraplaryň geljek hepde gepleşikleriň başlamagy boýunça umuman alnanda ylalaşyk gazanandygy nygtalypdy, emma gepleşikleriň geçiriljek ýeri we wagty barada maglumat berilmändi.
Penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Araçy bilen duşuşan Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa bilen birlikde ÝB-niň ýokary derejeli diplomatlary, ýadro ylalaşygy üçin diplomatiýanyň möhümdigini nygtapdy.
Omanyň töwellaçylyk etmeginde Tähran bilen Waşingtonyň arasynda geçirilýän gepleşikler 13-nji iýunda Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmegi sebäpli saklanypdy.
Ysraýyl bilen Eýranyň arayndaky çaknyşyklar 12 gün dowam edipdi.
Eýran ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň, alymlaryň we asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümlerden ABŞ-nyň jogapkärdigini mälim edipdi.
ABŞ bolsa Eýranyň üç uly ýadro desgasyna hüjüm gurady. 24-nji iýunda gazanylan ylalaşyga laýyklykda çaknyşyklar bes edildi.