Prezident R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk etabynda edilen öňe gidişlige kanagatlanma bildirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Aliýew telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Erdogan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalarda öňe gidişlik edilmeginiň möhümdigini we iki ýurduň arasynda yzygiderli parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynyň tutuş sebitiň durnuklylygyna we asudalygyna uly goşant goşjakdygyny belledi.
Prezident Erdogan Türkiýäniň parahatçylyk tagallalaryna degişli goldawy bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp anna güni Ak Tamda geçirlen üçtaraplaýyn liderler sammitinden soň ylalaşyk teswirnamasyna gol goýdy.
Ylalaşyk, Günorta Kawkazly goňşularyň arasynda onlarça ýyl dowam eden çaknyşyklaryň bes edilmegini maksat edinýär.
Taraplar çaknyşyklaryň bes ediljekdigini we özara gatnaşyklaryň kadalaşjakdygyny mälim etdi.
Ermenistan bilen Azerbaýjan, 1980-njy ýyllaryň ahyryndan bäri çaknyşyklaryny dowam etdirdi.
Azerbaýjan 2020-njy ýylda bolan çaknyşyklarda Garaby yzyna aldy.