TÜRKIÝE
6 minut okamak
FETÖ-niň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyna dokuz ýyl geçdi
Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) agzalary tarapyndan 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyrlan hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyna dokuz ýyl geçdi.
FETÖ-niň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygyna dokuz ýyl geçdi
7 hours ago

15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarylyşyk synanyşygyna dokuz ýyl geçdi. Respublikanyň taryhyn iň uzyn gijesi hasap edilip bilinjek günde ýurduň çar tarapynda nusgawy milli pozisiýa eýelendi.

Şol gije nämeler başdan geçirildi?

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda, sagat 14:00 töweregi, Guryýer awiasiýa serkerdeliginde iş alyp barýan maýor Ýenimahelledäki Milli Howpsuzlyk gullugyna (MİT) baryp, agdarlyşyk synanyşygynyň boljakdygy barada habar berdi.

Alnan maglumatyň esasynda Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Baş Ştaba geçdi. Geçirlen möhüm maslahatda Guryýer awiasiýa serkerdeliginden 3 sany dikuçaryň rugsatsyz ýagdaýda uçuş amala aşyrjakdygy barada maglumat alyndy.

Maglumatlary derňemek we şübhe astynda bolanlary tussag etmek kararyna gelindi. Tanklara we sowutly ulaglara birikmelerden çykmak gadagan edildi. Goşmaça habar berilýänçä çenli harby uçuşlar ýatyryldy.

Döwlet agdarylyşygynyň wagtyny öňe süýşürdiler

Baş Ştabda şol gije harby egin-eşikli mekir duşmanlar hem başdan geçirilýänlere gözegçilik edýärdiler. Baş Ştabyň düzümindäki ofiserleriň arasynda ýokary derejeli huntaçylar hem bardy. Hakan Fidanyň gelmegi bilen harby agdarlyşyk meýilnamasynyň äşgär bolandygyna göz ýetirileninden soň, tankydy karara geldiler. Döwlet agdarlyşygyň wagtyny gije sagat 03:00-dan öňe süýşürdiler.

Hakan Fidan gaýdanyndan soň huntaçylar, Baş Ştabyň başlygy Hulusi Akaryň otagyny gabadylar. Döwlet agdarlyşygynyň başlandygyny mälim etdiler.

Emma Hulusi Akar şol ýagdaýa berk garşylyk görekzdi. Öňüne goýlan harby agdarlyşyk jarnamasyna gol çekmedi. Şol sebäpli Hulusi Akar saklandy we Akynjy harby howa bazasyna alnyp gidildi. Huntaçylar Baş Ştabyň 2-nji başlygy Ýaşar Güleri hem zamun aldylar.

WhatsApp toparyndan ölüm görkezmeleri

Sagat 21:14-de agdarlyşyk synanyşygyny utgaşdyrmak üçin "Ýurtda parahatçylyk" atly WhatsApp topary döredildi. Toparyň içindäki ýazgylarda asuda ilata garşy "Mynjyratmak, ýakmak, eglişik ýok" ýaly buýruklar berildi.

Sagat 21:23-de huntaçylardan ybarat harby topar Kuleli harby orta mekdebinden çykdylar.

Huntaçy harbylar 21:52-de köprä bardylar. Harby ulaglar bilen beýleki ulaglaryň Ýewropa tarapyna geçmegine böwet boldular.

Premýer-ministriň ilkinji beýany

Her kim näme bolýandygyna göz ýetirmek isleýärdi. Ilkinji jogap göni efire baglanan Premýer ministr Binaly Ýyldyrym tarapyndan geldi.

Binaly Ýyldyrym: “Dogrusyny aýtsak, gozgalaňyň mümkinçiligini göz öňünde tutýarys. Munuň harby bölümdäki käbir adamlaryň anyk bir görkezme bolmazdan bikanun hereket edendigi düşnüklidir. Raýatlarymyza we milletimize demokratiýa zyýan berýän islendik başlangyja ýol berilmejekdigini habar beriň” diýdi.

Şol pursat Stambul Içeri işler edarasyna telefon jaňy gelip, olara harby kanunyň yglan edilendigini we şol wagtky baş müdür Mustafa Çalyşkanyň we onuň toparynyň boýun egmelidikleri beyan edildi.

Ankarada harby uçarlaryň pes uçuşy

Sagat 22:00 töweregi Ankarada harby uçarlar pes ýagdaýda uçmaga başladylar. Huntaçylaryň nyşanasyndaky möhüm ýerleriň başynda Milli Howpsuzlyk gullugy bardy. FETÖ agza uçarmanlar dikuçarlar bilen Ankara şäheriniň Ýenimahalle etrabyndaky Milli Howpsuzlyk gullugynyň binasyna ot açmaga başladylar.

Stambul Atatürk howa menzilinde hem hereket bardy. Bir topar huntaçy tanklar bilen howa menziline geldi we dolandyryş diňini eýeledi, uçuş hereketini togtatdy.

Sagat 23:00-da Stambul şäher häkimliginiň binasy nyşana alyndy. Stambul şäher häkimliginiň binasyna hüjüm etdiler we garşy çykan asuda ilata garşy ot açdylar. Huntaçylaryň ýaraglaryndan atylan oklar bilen on dört adam şehit boldy.

TRT-de reýd

Huntaçylaryň ele geçiren ýene bir möhüm gurama TRT boldy. 16-njy iýulyň ilkinji minutlarda jarnama okadyldy. Şol sebäpli TÜRKSAT arkaly TRT ýaýlymlary togtadyldy.

Şol bir wagtyň özünde Marmarisde dynç alýan Prezident Rejep Taýýip Erdogan Atatürk howa menziline tarap ýola çykdy.

Prezident gidenden az salym soň, düzüminde huntaçylar bolan dikuçarlar Marmarisdäki myhmanhana hüjüm etdiler. Bolan çaknyşykda Prezidentiň goragçylaryndan ýörite polisiýa işgärleriniň käbirleri şehit boldy.

Uçarlar bombalady

Birnäçe wagt soň onlarça adamy öldüren uçarlar agdarlyşyk synanşygynyň merkezleriniň biri bolan Akynjy howa bazasyndan asmana galdy. Nobat bilen TBMM, Gölbaşy Polisiýanyň ýöriteleşdirilen operasiýa müdürligi, Ankaranyň Içeri işler edarasy we TÜRKSAT bombalandy. Asuda ilatdan onlarça adam we Polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň işgärleri şehit boldy.

Huntaçylaryň nyşanasyndaky ýene-de bir adam Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Abidin Ünaldy. Abidin Ünal bilen birlikde 17 general Moda Deňiz klubyndaky toýa gatnaşýan mahallary tussag edildi.

Prezident Erdogan agdarlyşyk synanyşygyna garşy çykdy

Gijäniň öwrülişik nokady bolsa Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň telewideniýe gepleşikleriniň birine telefon arkaly birikmegi boldy.

Prezident Erdogan hyýanatçylykly agdarlyşyk synanyşygynyň ugruny üýtgeden taryhy çykyşy bilen "Milletimizi meýdançalara çagyrýaryn" diýdi.

Bu çagyryşdan soň ýüzlerçe müň adam huntaçylara garşy durup, köçelere we meýdançalara ýygnandy. Şol garşylygyň iň uly nyşanlaryndan biri köprülerde görkezildi.

Huntaçylar Bogaz köprüsine gelen asuda ilata uzyn nilli ýaraglar bilen ot açdylar.

Metjitlerde sala okaldy

Dini işler guramasy, Türkiyäniň ähli metjitlerinde salalaryň okalmagy üçin buýruk berdi.

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlis huntaçylara garşy berk durdy. Ankaradaky deputatlar Mejlise ýygnandylar. Baş Assambleýanyň zaly açyldy. Bu garşylykdan soň huntaçylar mejlisi bombaladylar.

Ömer Halisdemir agdarlyşyk synanyşygy meýilnamasynyň ugruny üýtgetdi

Iň täsir galdyryjy wakalaryň biri Ýöriteleşdirilen güýçleriň serkerdeliginde başdan geçirildi. Agdarlyşyk synanyşygynyň Ýöriteleşdirilen güýçleriniň serkerdesi hökmünde saýlanan Semih Terzi, sagat 02:16-da Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndan serkerdeligi ele geçirmek üçin geldi. Emma ofiser Ömer Halisdemir agdarlyşyk synanyşygynyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Semih Terzini atyp, agdarlyşyk synanyşygynyň ugruny üýtgetdi.

Prezidentiň Marmarisden gidendigini eşidip, huntaçylar herekete geçdiler. Bombaly F-16 kysymly uçarlar Prezident Erdogany alyp barýan uçara hüjüm guramak üçin uçdular.

Akynjy howa bazasynda asuda ilata ot açyldy

Millet huntaçylaryň uçarlarynyň uçmagyna päsgel bermek üçin Akynjy bazasynyň töweregine ýygnandylar. Bazanyň töweregine ýygnanan adamlara ot açyldy, 5 adam şehit boldy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ähli harby uçarlaryň ýere gonmagy, gonmaýanlaryň bolsa ot açylyp ýere düşürilmegi barada görkezme berdi.

Huntaçylaryň uçarlary, Prezident Erdogany daşaýan ATA uçaryny gözleýärdi. Huntanyň F-16 uçarlary ATA-nyň ugruny we ýerleşýän ýerini anyklap bilmediler.

Sagat 03:20-de Prezident Stambul Atatürk howa menziline howpsuz ýagdaýda gondy. Bir sagatdan soň ol metbugatyň öňünde peýda boldy.

Erdogan: "Milletiň öňünde hiç hili güýç ýokdyr. Bu bir gozgalaňdyr, watana dönüklikdir. Munuň jogabyny bererler" diýdi.

Şol pursatda Prezidente garşy bir harby dikuçar we pes uçýan F-16 harby uçar ulanyldy.

Ir ertir bilen huntaçylar psihologiki artykmaçlygyny ýitirmäge başladylar. Şeýle-de bolsa, howp henizem doly ortadan aýyrlmandy.

Irden sagat 06:30-da Prezident köşgüne bomba atyldy. Bosfor bogazynda TOMA tank bile täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hyýanatçy huntaçylar milletiň goşunyna degişli tank bilen ýaraglar bilen hüjüm etdiler. Emma millet Türkiyäniň 81 welaýatynda demokratiýany goramak üçin meýdançalara çykdy. Birikmeleriň öňi tanklaryň çykmagyna päsgel bermek üçin häkimliklere degişli ýük ulaglary bilen ýapyldy. Eskişehirden uçan dostlukly uçarlar, Akynjy howa bazasynyň uçuş we gonuş zolagyny bombalady.

Huntaçylar ýeňildi, millet ýeňdi

Irden sagat 08:30-da Žandarma baş serkerdeligi huntaçylardan saplandy. Baş Ştabyň başlygy Hulusi Akar we zamun alynan serkerdeler azat edildi.

Milli Howpsuzlyk gullugy beren beýanatynda: “Ulgamlaýyn operasiýa tamamlandy, nokat operasiýalaryna başladyk, olaram 1-2 sagadyň dowamynda tamam bolar” diýdi. Harby agdarlyşyk synanyşygynyň meýilleşdirijileri we amala aşyran raýatlaryň we harbyklaryň aglabasy saklanyp, göz tussaglygyna alyndy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us