Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Siriýa guran soňky hüjümlerini berk ýazgardy we Türkiýäniň siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Erdogan penşenbe güni beren beýannamasynda Ysraýylyň hüjümlerini kabul edilmesiz hökmünde häsiýetlendirdi we Ysraýylyň şuňa meňzeş hüjümleriniň sebitara durnuklylyk taýdan howplydygyny nygtady.
Türkiýäniň Siriýa goldaw bermäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtan Erdogan, Dürzüler bilen gazanylan ylalaşygy oňyn waka hökmünde häsiýetlendirdi.
Siriýanyň Prezidenti Şara bolsa, Türkiýäniň Siriýanyň syýasy jebisligine, bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigi üçin Erdogana sagbolsun aýtdy.
Türkiýäniň töwellaçylygynda çaknyşyklar bes edildi
Penşenbe güni Daşary işler ministri Hakan Fidanyň we Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalynyň ýolbaşçylygyndaky toparyň diplomatik tagallalary netijesinde Siriýanyň Süweýda welaýatynda ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Dürzüleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatynda bolan çaknyşyk 2 gün dowam etdi.
Siriýanyň İçeri işler ministrligi hüjümlerde 30-dan gowragyň adamyň ýogalandygyny, 100-e golaý adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.