DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran Ysraýylyň Siriýa guran hüjümlerini ýazgardy
Eýran, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna we BMG-na gyssagly işe girişmekleri üçin çagyryş berdi.
Eýran Ysraýylyň Siriýa guran hüjümlerini ýazgardy
16 hours ago

Eýran Ysraýylyň Siriýadaky soňky hüjümlerini ýazgardy we şol hüjümleriň dünýäniň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan howly bolandygyny nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna we BMG-na Ysraýylyň hüjümlerine garşy gyssagly işe girişmekleri üçin çagyryş berdi.

Bekaýi “Şu günki günde sionist ulgamyň sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan howpludygyny açyk aýdyň görmek bolýar”diýdi.

Tähran, Ysraýyly Siriýanyň infrastruktuasyny nyşana almakda günäkärledi.

Bekaýi, ABŞ, Germaniýa, Britanyýa we Fransiýa ýaly günbatarly ýurtlaryň Ysraýyla harby we syýasy taýdan goldaw bermäge dowam edýändigini nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi, halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Gazadaky hüjümleriniň öňüni alyp bilmezliginiň Tel-Awiwiň giň gerimli hüjümlerini dowam etdirmegine sebäp bolýandygyny belledi.

Ysraýylyň sebitdäki meçew beriji aksiýalarynyň öňüniň alynmagy üçin YHG-na we BMG-na çagyryş berdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi hem Ysraýylyň Siriýa guran hüjümlerine garşylyk görkezdi we “Nobatdaky paýtagt haýsy” diýip ýüzlendi.

Arakçi dünýä ýurtlarynyň Ysraýylyň gözegçilikden çykan hüjümleriniň bes edilmegi üçin birleşmelidigine ünsi çekdi.

Eýranyň Siriýanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini aýdan Arakçi, siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us