DÜNÝÄ
1 minut okamak
Yragyň Wasit welaýatyndaky söwda merkezinde bolan ýangyn bilen bagly derňew başladyldy
Resmiler söwda merkezindäki ýangynda ýogalan onlarça adam sebäpli ýurtda 3 günlük ýas yglan edilendigini habar berdi
Yragyň Wasit welaýatyndaky söwda merkezinde bolan ýangyn bilen bagly derňew başladyldy
11 hours ago

Yragyň Içeri işler ministrliginiň habaryna görä, penşenbe güni Yragyň gündogaryndaky söwda merkezinde ýüze çykan ýangynda azyndan 61 adam ýogaldy, onlarça adam halas edildi.

Bagdadyň günortasyndaky Wasit welaýatynyň paýtagty Kut şäherindäki söwda merkezinde ýüze çykdy. Ministrlik beren beýanatynda 45-den gowrak adamyň ýanýan binadan halas edilendigini we käbir adamlaryň ýaralanandygyny aýtdy.

Yragyň resmi habar gullugy INA saglygy goraýyş çeşmelerine salgylanyp, ýogalanlaryň sanynyň 63 adama, ýaralananlaryň sanynyň 40 adama ýetendigini mälim etdi.

INA-nyň habaryna görä, ýerli resmiler söwda merkeziniň eýesine garşy kazyýet işi gozgaldy. Içeri işler ministrligi bolsa ýangynyň sebäbini anyklamak üçin derňew komitetiniň döredilmegini talap etdi.

Sebitdäki AFP habar gullugynyň habarçysy söwda merkeziniň bary-ýogy bäş gün ozal açylandygyny we ýanan jesetleriň welaýatyň kazyýet-lukmançylyk bölüminde görülendigini habar berdi.

Ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyna garamazdan ýangyn söndürijiler ýiten adamlary gözlemegi dowam etdirdiler.

Tomus aýlarynda howanyň yssylyk derejesiniň 50 gradusa ýetýän ýurtda ýangynlar artmaga dowam edýär.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Yrakda toý zalynda bolan ýangynda azyndan 100 adam ýogaldypdy, ýangyn wagty howsala düşen adamlar çykalga tarap gaçmaklary sebäpli zalda dyknyşyk emele gelipdi.

2021-nji ýylyň iýul aýynda Yragyň günortasyndaky hassahanalaryň biriniň Kowid-19 bölüminde ýüze çykan ýangynda bolsa 60-dan gowrak adam ýogalypy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us