DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hytaý bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar täzeden başlaýar
Bu hepde Pekinde Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpiniň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň gatnaşmagynda Hytaý-ÝB sammiti geçirler.
Hytaý bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar täzeden başlaýar
13 ساعت پیش

Hytaý Ýewropa Bileleşigi bilen 25-nji ýokary derejeli sammitiň Pekinde geçiriljekdigini tassyklady. Bu sapar iki tarapyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygyna gabat gelýär.

Roýter habar gullugynyň habaryna görä Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin 24-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta bilen duşuşyk geçirer.

Sammite Hytaý tarapyndan ýurduň Premýer ministri Li Sýan ýolbaşçylyk eder.

Taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy, ykdysady hyzmatdaşlyk, bazarlara elýeterlilik we sanksiýalar syýasaty ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Gatnaşyklardaky dartgynlyk iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň Hytaýyň kärhanalarynyň 5 million ýewrodan geçýän tendrlere gatnaşmagyny gadagan etmegi bilen artypdy. Bu kararyň Pekiniň Ýewropaly kärhanalary yzygiderli kemsidýändigi we içerki bazara girmegini çäklendirýändigi sebäpli kabul edilendigi aýdylýar.

Bu sammit, Ýewropa Bileleşiginiň Hytaýyň ýuridiki şahslaryna we şahsyýetlerine garşy sanksiýalary öz içine alýan Russiýa garşy täze sanksiýalar bukjasynyň yglan edilmegine gabat geldi. Hytaýyň Daşary işler ministrligi ozal birtaraplaýyn sanksiýalara berk garşydygyny we olaryň ýatyrylmagyny talap edýändiklerini belläpdi.

Tapawutlylyklara garamazdan, Pekin gepleşikleri ýola goýmaga taýýardygyny nygtaýar. Maý aýynyň başynda Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin Hytaýyň Ýewropa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge we açyk söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us