DÜNÝÄ
1 minut okamak
“Gazada kömege garaşýan asuda ilatyň öldürilmegi kabul edilmesiz”
Gazada Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň ähli gümrük geçelgelerini ýapyp, azyk, ýangyç we lukmançylyk enjamlary kömegini kesmegi sebäpli ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar
“Gazada kömege garaşýan asuda ilatyň öldürilmegi kabul edilmesiz”
14 órája

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili, Gazada kömege garaşýan asuda ilatyň öldürilmegini “kabul edilmesiz” hökmünde häsiýetlendirdi.

Kaža Kallas, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Ysraýylyň Daşary işler ministri Gideon Saar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýtdy.

Kallas sişenbe güni beren beýannamasynda “Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň ynsanperwer kömegini almak üçin garaşýan asuda ilaty öldürmekden ýüz öwürmelidigini açyk-aýdyň beýan etdim” diýdi.

Kallas, “Ysraýyl wadasynda durman halatynda degişli alternatiwler seljerler”diýdi.

Gaza taryhynyň iň uly adamzat pajygalaryndan birini başdan geçirýär.

Ysraýylyň 2-nji martda ähli geçelgeleri ýapmagy, azyk, ýangyç we lukmançylyk enjamlary kömegini bökdemegi sebäpli sebitde ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat 59 müňden gowrak adam ýogaldy.

Bombaly hüjümler sebäpli sebit harabalyga öwrüldi, saglygy goraýyş pudagy öz işini dowam etdirmekde kynçylyk çekýär we açlyk gün saýyn ýaýbaňlanýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Halkara jenaýat kazyýety, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallandyň Gazada harby jenaýat edendikleri sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Ysraýylyň Gazadaky harby hüjümleri sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem genosid işi gozgalypdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us