DÜNÝÄ
2 minut okamak
Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine taýýarlyk görýär
Hytaýyň Döwlet Başlygy Şi Szinpiniň sebitleýin howpsuzlygy we netijeliligi güýçlendirmegiň ähmiýetine üns çekjej sammitinee 20-den gowrak ýurtdan ýokary derejede gatnaşygyň bolmagyna garaşylýar.
Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine taýýarlyk görýär
Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine taýýarlyk görýär / AFP
August 22, 2025

Üstümizdäki aýyň ahyrynda Şi Szinpin Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş hem-de 20-den gowrak döwlet ýolbaşçylaryny kabul eder. Pekin anna güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) maslahatynyň Hytaýyň sebitleýin täsirini berkitmegi maksat edinýän syýasy we howpsuzlyk sammiti boljakdygyny mälim etdi.

Dünýäniň ilatynyň takmynan dörtden birini öz içine alýan blogyň ýolbaşçylary 31-nji awgust bilenb 1-nci sentýabryň aralygynda Týanszinde geçiriljek sammitde gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak üçin täze meýilnamalara gol çekişerler. Bu barada sammite görülýän taýýarlyklar boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Liu Bin aýtdy.

Duşuşyk Hytaýyň soňky ýyllarda gurajak iň uly göwrümli harby paradlarynyň birinden diňe birnäçe gün öň bolar. Sammit şeýle hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ysraýyl, Gaza we söwda paçlary baradaky syýasatlarynyň sebitdäki esasy taraplary Hytaýa has-da ýakynlaşdyrýan günlere gabat gelýär.

Sammite guramanyň agzalaryndan başga-da Türkiýe we Wýetnam ýaly myhman ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagy garaşylýar. Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer Ibrahim hem sammite gatnaşmagy meýilleşdirýär. Ibrahim oktýabrda Kuala Lumpurda Trampy we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň beýleki ýolbaşçylaryny kabul etmemegi meýilleşdirýar.

Gegemoniýa we köne pikir ýörelgeleri henizem güýjüni gorap saklaýar

Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Liu Bin metbugat ýygnagynda Döwlet Başlygy Şi Szinpiniň sammitde sözlejek sözlerine salgylanyp, Hytaýyň "ŞHG-niň durnuklylygyny we hyzmatdaşlyk depginini ýokarlandyrmagy hem-de halkara arenadaky näbelliliklere we çak edip bolmajak faktorlara jogap bermegi" umyt edýändigini aýtdy.

Liu şeýle diýdi: "Döwrebap dünýäde gegemoniýa we güýç syýasatynyň köne pikir ýörelgeleri henizem dowam edýär. Käbir ýurtlar öz bähbitlerini beýlekilerden öňe sürmäge synanyşyp, dünýäde parahatçylyga we durnuklylyga uly howp " diýip, ABŞ-na gönüden-göni däl, eýsem mylaýymlyk bilen ýüzlendi.

Ol şeýle hem: "Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnuklylygyny we çydamlylygyny güýçlendirmek arkaly biz näbelliliklere hem-de önünden çak edip bolmajak wakalara garşy göreşip, hemişelik parahatçylyk üçin amatly gurşaw döredip bileris" diýip belledi.

Sammit Týanszin Deklarasiýasynyň gol çekilip, çap edilmegi bilen tamamlanar. 2024-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen ŞHG sammitinde ýolbaşçylar sebitleýin terrora garşy göreş, täzelenip bilýän energiýa we sanly ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi kararlaşdyrypdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us